Basgançakdan ýöremek ýürek keselleriniň döremegini 20 göterim azaldýar

Basgançakdan ýöremek ýürek keselleriniň döremegini 20 göterim azaldýar

ABŞ-daky Tuleýn uniwersitetiniň alymlary her gün 50 basgançak boýunça ýokary galmagyň ýürek-damar keselleriniň döremek howpuny 20 göterim azaldýar diýip çykyş etdiler. Ylmy-barlaglaryň netijeleri Atherosclerosis žurnalynda çap edildi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Alymlar Britan biobankynda saklanýan 450 müň sany uly ýaşlylaryň maglumatlaryndan peýdalandylar. Olary synlamalar 12,5 ýyla çekdi, alymlar keselleriň maşgala taryhynyň we durmuş obrazynyň esasynda synagdan geçirilýänleriň ýürek-damar keselleri bilen bagly maglumatlary öwrendiler.

Alnan netijeler her gün basgançakdan ýöremegiň ýürek-damar kesellerine ýolugmak ähtimallygyny 20 göterim azaldýandygyny subut etdi, adam näçe basgançakdan köp ýörese, bu görkeziji şonça ýokarlanýar.

Basgançakdan ýöremek aýratyn hem ýürek keseline ýolugmak ähtimallygy ýokary bolan adamlar üçin peýdalydyr diýip, alymlar nygtaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Artykmaç agramdan dynmaga kömek edýär
Kölegesiz adam. Türkmen döwlet habar gullugynyň emelsiz fotoşoby
“Aşgabatliftiň” ätiýaçlyk serişdeleri gutarypdyr
Artykmaç ýaglarymyz we saglygymyz…
“Basgançakly” piramida myhmanlaryny kabul edip başlady