“Bawariýa” 50 million ýewrolyk transferini mälim etdi

“Bundesliganyň” soňky 11 ýylynyň çempiony “Bawariýa” topary Italiýanyň çempiony “Napoliniň” Günorta koreýaly goragçysy Kim Min Çženi transfer edendigini resmi ýagdaýda mälim etdi.Nemes kluby 26 ýaşly goragçy bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Ol ýylda 7,5 million ýewro hak alar. “Bawariýa” topary Kim Min Çženiň transferi üçin italýan toparyna 50 million ýewro berer.Kim Min Çže geçen möwsüm “Napolide” 45 oýunda meýdança çykdy.

Ol “Napoliden” öň “Fenerbahçede”, ondan öňem “Beižing Goan” hem-de “Çeonbuk Hýundai Motors” klublarynda oýnapdy.

Ýene degişli makalalar

Bütindünýä ykdysady forumy öz işine başlady
“Napoliniň”, “Atletikonyň”, “Bawariýanyň” täze futbolçylary (Günüň transfer habarlary)
Kosmosda şaly ýetişdiriler
Hytaýda 200 ulag çaknyşdy
Raşid Meredow Hytaý Halk Respublikasynyň wise-premýeri bilen duşuşdy
RŽD Türkmenistanda wekilhana açmagy meýilleşdirýär, Belawiýa tomusky uçuş tertibi boýunça Türkmenbaşa uçup başlady, Türkmenistanda kuwwatlygy sekuntda 68 kub metr bolan suw sazlaýjy-böwetleýji desga guruldy we beýleki habarlar