"Bawariýa" Germaniýanyň Super kubogynda ýeňiji boldy

"Bawariýa" Germaniýanyň Super kubogynda ýeňiji boldy

Germaniýanyň Super kubogy ugrundaky oýunda Dortmundyň "Borussiýasy" öz meýdançasynda mýunhenli "Bawariýany" kabul etdi. Duşuşyk Dortmunddaky “Signal Iduna Park” stadionynda geçirildi we myhmanlaryň peýdasyna 3:1 hasabyndaky ýeňiş bilen tamamlandy.

Duşuşygyň 41-nji minudynda hasaby “Bawariýanyň” ýyldyz hüjümçisi Robert Lewandowski açdy. Şondan 8 minutdan soň hüjümçi Tomas Müller mýunhenli toparyň ikinji goluny tora girizdi. Oňa asist pasyny Robert Lewandowski berdi. 64-nji minutda dortmundly "Borussiýanyň" hüjümçisi Marko Roýs ýer eýeleriniň hasabyna gol geçirip, aratapawudy gysgaltmagy başardy. 74-nji minutda bolsa Lewandowski dubl edip, duşuşykda gutarnykly hasaby kesgitledi.

Şeýlelikde, "Bawariýa" Germaniýanyň Super kubogynyň eýesi boldy. Mýunhenli klub Germaniýanyň Super kubogny 9-njy gezek gazanmak bilen, bu kuboklaryň sany boýunça öňdebaryjylygy özünde saklaýar.

Ýene degişli makalalar

Roýs, Draksler ýok, Müller, Hummels täzeden dolandy, Germaniýanyň düzümi belli boldy
“Bawariýanyň” 9-njy Super Kubogy
Ýyldyz oýunçy 5 ýyldan soň ýygynda çagyryldy Germaniýanyň düzümi mälim boldy
3-nji liganyň wekili “Bawariýany” kubok ýaryşyndan çykardy
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy