“Bawariýa” Kowaçy wezipesinden boşatdy

Germaniýanyň “Bundesligasynda” “Aýntrahtdan” 51 utulan “Bawariýa” tälimçisi Niko Kowaçy wezipesinden boşatdy.Soňky gezek 2009-njy ýylda çempionatyň çäklerinde derwezesinden 5 gol geçirden “Bawariýa” Niko Kowaçy geçen ýylyň tomsunda tälimçilige belläpdi.

Münhenliler onuň tälimçiliginde “Bundesliganyň” çempionlygyny, şol birwagtyň özünde ýurduň kubogyny hem-de Super kubogyny gazandy.Häzirki wagtda 4-nji basgançakda barýan “Bawariýa” wagtlaýynça Hansi Flim tälim berýär. “Bawariýanyň” täze tälimçisi öňümizdäki günlerde mälim ediler.

Bu ugurda Žoze Mourinio, Arsen Wenger, Massimiliano Allegri ýaly tälimçileriň atlary agzalýar.

Ýene degişli makalalar

Total futbolyň jemleýji bölümi
“Roma” täze ýaryşyň ilkinji çempiony
TÜRKMENIŇ MIRASY DÜNÝÄNIŇ MERJENI
Türkmen telekeçisi ýarym kakadylan şöhladyň täze görnüşini öndürip başlady
Ýeňil atletika boýunça Dünýä çempionatynda tamamlanan ýaryşlaryň ýeňijileri:
5-nji kuboga 30 ýyl garaşdy