“Roma” täze ýaryşyň ilkinji çempiony

UEFA-nyň täze ýaryşy Ýewropa Konferensiýa Ligasynyň ilkinji çempiony Italiýanyň “Roma” topary boldy. Albaniýanyň paýtagty Tiranadaky “Arena Kombetare” stadionynda oýnalan finalda “Roma” topary Niderlandlaryň “Feýenoord” topary bilen duşuşdy. Duşuşyk 1-0 hasabynda Romanyň peýdasynda tamamlandy.

Çekeleşikli geçen oýunda “Roma” ýeňiş getiren ýeke-täk goly 32-nji minutda Nikolo Zaniolo derwezä girizdi.Ikinji ýarymy goragda geçiren “Romanyň” angliýaly goragçysy Kris Smolling duşuşygyň iň ökde oýunçysy diýlip saýlandy.

Duşuşykdan soň “Romanyň” tälimçisi Mourinio: “Şu möwsümde umumylykda 55 duşuşyk geçirip, finala ýadaw ýagdaýda geldik. Ýeňiş gazanmak kyn düşdi. Ýöne şonda-da kubogy eýeledik.Futbolçylaryma köp sagbolsun aýdýaryn.

Ikinji ýarymda garşydaşlarymyz has erjel oýun görkezdi.Bizem goragda üstünlik görkezip, kubogy gazandyk” diýip, çykyş etdi.

Şeýlelikde, “Roma” topary taryhyndaky ilkinji halkara uly kubogyny gazandy.Topar mundan ozal UEFA-nyň ir döwürler guran Ýarmarka Kubogynda çempion bolupdy (1960/61). 2008-nji ýyldan soň ähli ýaryşlardaky ilkinji kubogyny gazanan “Roma” soňky 12 ýylda UEFA-da kubok alan ilkinji italýan topary boldy. “Romadan” öň UEFA-nyň ýaryşlarynda çempionlyk gazanan topara-da Žoze Mourinio tälim berýärdi. Ýagny Mourinionyň tälimçiliginde “Inter” 2010-njy ýylda Çempionlar Ligasyny gazanypdy.

Portugaliýaly hünärmen karýerasyndaky 26-njy kubogyny asmana göterdi.Ol “Portoda” 6, “Çelside” 8, “Interde” 5, “Real Madrid” bilen “Mançester Ýunaýtediň” hersinde-de 3 kubogy eýeläpdi.Ol UEFA-nyň dowam edýän 3 ýaryşynda çempion bolan ilkinji tälimçi hökmünde hasaba alyndy. Şeýle-de Mourinio italiýaly Jowanni Trapattoniden soň UEFA-nyň ýaryşlarynda 5 kubok gazanan 2-nji tälimçi boldy.

Mourinio mundan ozal, UEFA Çempionlar Ligasynda 2, Ýewropa Ligasynda-da 2 kubok gazanypdy.Portugaliýaly hünärmen mundan öň iň soňky kubogy 2017-nji ýylda “Mançester Ýunaýted” bilen Ýewropa Ligasynyň çempionlygy bolupdy.

GYZYKLY MAGLUMATLAR

* 19 597 janköýeriň tomaşa eden duşuşygynda rumyniýaly Iştwan Kowaç jürlewük çaldy.

* Albaniýada iIkinji gezek UEFA-nyň ýaryşlarynyň final duşuşygy geçirildi. 22 500 orunlyk “Arena Kombetare” stadiony 2016-2019-njy ýyllar aralygynda guruldy.

* “Feýenoord” toparynyň nigeriýaly hüjümçisi Siriel Dessers 10 gol bilen ýaryşyň iň netijeli futbolçysy boldy. “Romanyň” angliýaly hüjümçisi Temmi Abraham 9 gol bilen 2-nji ýeri eýeledi.

* “Roma” finala çenli 14, duşuşyk geçirdi. “Roma” şol oýunlarda 9 gezek ýeňiş gazanyp, 2 gezek utuldy. Şol ýeňlişleriň ikisi hem “Bodo-Glimt” topary bilen geçirilen duşuşyklarda hasaba alyndy.

* “Feýenoord” finala çenli 18 duşuşyk geçirip, diňe 1 gezek, toparçalardan öňürti saýlama pleý-off tapgyrynda myhmançylykda “Elfsborgdan” asgyn gelipdi. 12 gezek ýeňiş gazanan “Feýenoordyň” 5 duşuşygy deňlikde tamamlandy.

* “Roma” bilen “Feýenoord” mundan ozal 2 gezek özara duşuşypdy. 2014/15 möwsüminde Ýewropa Ligasynyň çäginde 1/16 finalda gabatlaşan iki toparyň şol duşuşyklary Rimde 1-1, Rotterdamda bolsa 2-1 italýan klubunyň peýdasyna tamamlandy.

Ýene degişli makalalar

Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
Ýewropa ligasynda 14 topar 2-nji tapgyra çykdy
UEFA-nyň täze ýaryşynyň bijeleri çekildi
Täze ýaryşyň ilkinji çempiony haýsy topar bolar?
“Bawariýa” Kowaçy wezipesinden boşatdy
Total futbolyň 2-nji bölümi