Täze ýaryşyň ilkinji çempiony haýsy topar bolar?

UEFA-nyň täze bäsleşigi bolan Ýewropa Konferensiýa Ligasynda ilkinji çempion şu gije belli bolar. Albaniýanyň paýtagty Tiranadaky 22 500 tomaşaçy orunlyk “Arena Kombetare” stadionda oýnaljak finalda “Roma” bilen “Feýenoord” klublary duşuşarlar. Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanjak oýna Rumyniýadan Istwan Kowas eminlik eder.

Şu wagta çenli 15 gezek finala çykyp, şolaryň 12-sinde kubogy eýelän Žoze Mourinionyň tälimçiligindäki “Roma” mundan ozal “Feýenoord” bilen 2 gezek özara duşuşdy. 2014/15 möwsüminde Ýewropa Ligasynyň çäginde 1/16 finalda gabatlaşan iki toparyň şol duşuşyklary Rimde 1-1, Rotterdamda bolsa 2-1 italýan klubunyň peýdasyna tamamlandy.

“Roma” finala çenli 14, Feýenoord” 18 duşuşyk geçirdi. “Roma” şol oýunlarda 9 gezek ýeňiş gazanyp, 2 gezek utuldy. Şol ýeňlişleriň ikisini-de “Bodo-Glimt” topary bilen geçirilen duşuşyklarda hasaba alyndy.

“Feýenoord” diňe 1 gezek, toparçalardan öňürti saýlama pleý-off tapgyrynda myhmançylykda “Elfsborgdan” asgyn gelipdi. 12 gezek ýeňiş gazanan “Feýenoordyň” 5 duşuşygy deňlikde tamamlandy.

“Roma” ýeňiş gazanan ýagdaýynda tälimçi Mourinio UEFA-nyň 3 ýaryşynda çempionlyk gazanan ilkinji tälimçi bolar.

Ýene degişli makalalar

Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
Ýewropa ligasynda 14 topar 2-nji tapgyra çykdy
UEFA-nyň täze ýaryşynyň bijeleri çekildi
“Roma” täze ýaryşyň ilkinji çempiony
“Atletiko” “Seltigi” derbi-dagyn etdi
Ýewropa Ligasynyň bijeleri çekildi