Baý zenan ýazyjylar

“Forbes Woman” žurnaly 2016-njy ýylda ýokary hak tölenýän ýazyjylaryň sanawyny çap etdi.Sanawda birinji orny Beýik Britaniýanyň raýaty Joan Rouling eýeleýär.Ol Garri Poter kitabynyň awtorydyr. 2016-njy ýylda onuň girdejisi 19 million dollara deň boldy.Sanawyň ikinji ornunda ABŞ-ly ýazyjy Nora Roberts barýar.

Ol “Irland ýüregi”, “Mak-Gregorlar”, “Gijeki ertekiler” we “Stanislawyň maşgalasy” ýaly kitaplaryň awtorydyr.Amerikan ýazyjysynyň geçen ýylyň dowamynda 15 million dollardan gowrak gazanjy boldy. Üçünji orny ýene-de bir amerikaly ýazyjy Daniel Stil eýeledi.

Onuň hem girdejisi 15 million dollara golaýlaýar.Şeýle hem birinji onluga Erika Jeýms (ABŞ, 14 million dollar), Pola Hokins (Angliýa, 10 million dollar), Weronika Rot (ABŞ, 10 million dollar) we Reýçel Rassel (ABŞ, 8,5 million dollar) girdi.

Sanaw düzülende ýazyjylaryň 2016-njy ýylyň dowamynda öz eserlerinden gazanan girdejileri hasaba alyndy.

Ýene degişli makalalar

“Forbes”: 2018-nji ýylda ýokary hak tölenen ýazyjylar
Iň köp satylan kitap
Iň köp satylan kitap
Yzly-yzyna 3-nji finaldan soň, 3-nji çempionlyk
Katar 2022-niň iň ýaş we ýaşuly ýygyndylar
Katara iň köp argentin, portugal hem-de ispan tälimçileri gatnaşýar