Baýden: "Zamun alynanlar azat edileninden soň ýaraşyk barada gepleşikler geçirilip biliner" diýdi

Baýden: "Zamun alynanlar azat edileninden soň ýaraşyk barada gepleşikler geçirilip biliner" diýdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Ak tamda maýa goýumlar bilen bagly eden çykyşynda, metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Metbugat işgärleriniň biriniň: "ABŞ zamun ylalaşygy üçin ýaraşygy goldaýarmy?" soragyna, "Zamun alynanlar azat edileninden soň ýaraşyk barada gepleşikler geçirilip biliner" diýip jogap berdi.

Beýleki tarapdan Ak Tam ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň operasiýalara maslahat berip bilmekleri üçin birnäçe ýokary derejeli harby resmini Ysraýyla ugratjakdygyny habar berdi.

Ak tamyň Milli Howpsuzlyk geňeşiniň Strategik aragatnaşyk koordinatory Jon Kirbi, metbugat işgärleriniň biriniň "General-leýtenant Jeýms Glinn we beýleki käbir adamlaryň ysraýyllylara konsultasiýa berip bilmekleri üçin ugradylandygyny tassyklap bilýärsiňizmi?" soragyna, "Ysraýylyň geçirýän we öňümizdäki döwürde geçirip biljek operasiýalaryna laýyklykda tejribä eýe bolan harby resmileriň, öz tejribelerini paýlaşmak maksady bilen ol ýerde boljakdygyny aýdyp bileris" diýip jogap berdi.

Ýene degişli makalalar

Ýaş zehinli talybyň halkara üstünligi
Tahyr Ataýewiň orkestri aşgabatlylar üçin, "Italiýa baýramçylyklary" stilinde konsert gurady
Gresiýanyň paýtagty Afiny şäheriniň golaýynda tokaý ýangynlary bolýar
Fanatiki Ýehudiler Aksa Metjidine Hüjüm Gurady
Türkmenistanda azyk senagatynda buýany ulanmagyň tehnologiýasy işlenilip düzüldi
Türkmenistanda çörege glisirrizin turşusy goşulyp başlandy