Fanatiki Ýehudiler Aksa Metjidine Hüjüm Gurady

Fanatiki Ýehudiler Aksa Metjidine Hüjüm Gurady

Ak metjidine guralýan hüjümlere öňbaşçylyk edýänlikde tanalýan aşa sagçy haham Ýehuda Glikiň degişli bolan 200 adamlyk fanatiki ýehudi topary, ýehudileriň dini baýramy” Şawuody” bahana edip, mukaddes ybadathana güýç ulanmak arkaly girdiler.

Ak metjidiniň hukuk derejesini bozan meçew beriji aksiýa, Ysraýylyň polis güýçleriniň goragy astynda guraldy.

Fanatiki ýehudiler, aşa sagçy toparlaryň çagyryşyna laýyklykda düýn Ysraýylyň polisiniň ýoldaşlyk etmeginde Aksa hüjüm gurapdy.

Aksa metjidi Ysraýyl bilen İordaniýanyň arasynda 1994-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda gol çekişilen ýaraşyk şertnamasyna görä İordaniýanyň Gaznalar, yslamy işler we mukaddes eserler ministrligine degişli İerusalimiň yslamy gaznalar edarasynyň hematynda. Emma ýehudiler 2003-nji ýyldan bäri edaranyň rugsadynyň bolmandygyna garamazdan Ysraýylyň bir taraply karary bilem polisiň ýoldaşlyk etmeginde mukaddes ybadathana girýär.

Ýene degişli makalalar

Eýran Amerika we Britaniýa Sanksiýa Goýmak Hakynda Karar Kabul Etdi
5G abunaçylarynyň sany milliarddan geçer
Milliarder Worren Baffet bilen agşamlyk naharyny edinmek 19 million dollara satyldy
Gresiýanyň paýtagty Afiny şäheriniň golaýynda tokaý ýangynlary bolýar
Türkmenistanda azyk senagatynda buýany ulanmagyň tehnologiýasy işlenilip düzüldi
Türkmenistanda çörege glisirrizin turşusy goşulyp başlandy