Milliarder Worren Baffet bilen agşamlyk naharyny edinmek 19 million dollara satyldy

Milliarder Worren Baffet bilen agşamlyk naharyny edinmek 19 million dollara satyldy

Milliarder Worren Baffet bilen agşamlyk naharyny edinmek mümkinçiligi rekord bahadan 19 million dollara satyldy. Berkshire Hathaway kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen agşamlyk naharyny edinmek mümkinçiligine kimiň eýe bolandygy häzirlikçe köpçülige mälim edilmeýär.

Mir24 web saýtynyň habar berşi ýaly, The Glide Foundation gaznasy üçin geçirilen haýyr-sahawat auksiony 12-nji iýunda başlandy. Lotuň başlangyç bahasy 25 müň dollar bolup, eýýäm ertesi onuň bahasy 2 million dollara ýetdi. Auksionyň 2000-nji ýylda döredilen wagtyndan bäri 53 million dollar toplanyp, olaryň ählisi garyplyga garşy we öýsüzlere kömek bermek maksatnamasyna gönükdirildi.

Bu barada Worren Baffetiň özi bolsa onuň bilen geçirilýän söhbetdeşligiň 3 sagat töweregi wagta çekýänligini belleýär. Söhbetdeşligiň dowamynda milliarder esasy temadan Berkshire Hathaway kompaniýasynyň geljekki maýa goýumlaryndan başga ähli döwrebap we möhüm meseleler baradaky temalarda söhbetdeşi bilen pikir alyşýar.

Ýene degişli makalalar

Eýran Amerika we Britaniýa Sanksiýa Goýmak Hakynda Karar Kabul Etdi
5G abunaçylarynyň sany milliarddan geçer
Gresiýanyň paýtagty Afiny şäheriniň golaýynda tokaý ýangynlary bolýar
Fanatiki Ýehudiler Aksa Metjidine Hüjüm Gurady
Türkmenistanda azyk senagatynda buýany ulanmagyň tehnologiýasy işlenilip düzüldi
Türkmenistanda çörege glisirrizin turşusy goşulyp başlandy