Baýlygyny 44,3 milliard dollar artdyrdy

“Meta Platforms*” amerikan kompaniýasynyň başlygy Mark Zukerbergiň maliýe ýagdaýy birnäçe aýyň içinde 44,3 milliard dollar artdy. “Bloomberg Billionaires Index” reýtinginiň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda işewüriň emlägi 89,9 milliard dollar diýlip çaklanylýar. Şeýlelikde, Zukerberg dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 12-nji orunda we şu ýylyň başyndan bäri baýlygynyň ösüşi boýunça birinji orunda durýar.

“Bloomberg”-iň habaryna görä, Mark Zukerberg, esasan, ulanyjy bilen sanly obýektleriň özara galtaşmagyna gönükdirilen wirtual giňişlik bolan “metaverse”-iň has-da kämilşmegi netijesinde baýady. Zukerberg üsti doldurylan hakykat tehnologiýasynda öňdebaryjy bolmak üçin köp maýa goýdy. Ol belli bir döwürde 100 milliard dollardan gowrak pul ýitirdi, ýöne bu telekeçiniň segmentde agalyk etmek islegine böwet bolmady.

Golaýda “Forbes” žurnalynyň habaryna görä, “Tesla”-nyň esaslandyryjysy Ilon Mask, 400 baý amerikalynyň sanawynda birinji orny eýeledi. Bir ýylda Maskyň baýlygy 60 milliard dollardan gowrak artyp, 251 milliard dollara ýetdi.

Ýene degişli makalalar

“Twitter”-iň mahabat girdejisi azalýar
Bezos milliarderleriň sanawynda Arnodan öňe geçdi
Baýlyk rekordyny täzeledi
Baýlygy 100 milliarddan geçdi