BAÝRAMÇYLYK KONSERTI

Ýetip gelýän Halkara zenanlar gününe her bir döredijilik işgärleri öz baýramçylyk sowgady bilen barýarlar.Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halypalary, mugallymlary öz şägirtleri bilen baýramçylyk konsertlerini taýýarlaýarlar. Ýakynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň uly mugallymy Begenç Gaýypow öz şägirtleri bilen konsert geçirdi.

Konsertde M.Beýmanowanyň sazandarlyk etmeginde türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň döreden wokal eserleri ýaňlandy.I.Dunaýewskiýiň Как много девушек хороших, D.Hydyrowyň Türkmen gyzy, Ý.Aşyrowyň Mähribanlar, Türkmenistanyň halk artisti Baýramdurdy Hudaýnazarowyň Ene elleri eserleri zenanlarymyzy, mährem enelerimizi wasp edýän aýdymlar bolup, S.A.Gurilýowyň Улетела пташечка, A.Warlamowyň Не отходи от меня, A.Dargomyžskiýiň Я Вас любил, Ç.A.Biksionyň Что ж ты опустила глаза, Parlami damore, mariu, P.P.Bulahowyň Гори, гори моя звезда, A.Babaýewiň Любимые глаза, E.Kapuanyň Хочу тебя поцеловать, Моё солнце, O sole mio aýdymlarynda bolsa söýgi temasy has hem çeper beýan edilipdir.

Bu eserleri uly mugallym Begenç Gaýypow, göreldeli talyplar Y.Meredow, R.Kakamyradow, Ş.Gurbanberdiýew, A.Rejepow, R.Haýydow, Ý.Ataýew ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi başardylar.Kompozitorlaryň döreden eserlerinden başga-da halk aýdymlar: Y.Meredowyň ýerine ýetirmeginde Ах ты, душечка atly rus halk aýdymy, Ý.Ataýewiň ýerine ýetirmeginde Gole sangam atly eýran halk aýdymy ýaňlandy.

Konsertiň ahyrynda gatnaşanlar B.Hudaýnazarowyň Mähriban ýarym, D.Hydyrowyň Şadyýan gün aýdymlaryny ählisi bilelikde joşgunly ýerine ýetirdiler. Ähli zenanlarymyzy, kümüş saçly enelerimizi, gelin-gyzlarymyzy ýetip gelýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Konsertde çykyş eden mugallymlara we talyplara aýdym saz äleminde uly uly üstünlikleri arzuw edýärin.Ogulbeg ÝEGENOWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Sazşynaslyk hünäriniň III ýyl talyby

Ýene degişli makalalar

Wolfgang Amadeý Mosartyň doglan gününiň 270 ýyllygyna
W.A.MOSARTYŇ 270 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN KONSERT
Halypa kompozitoryň 115 ýyllyk ýubileýi
Türkmen milli konserwatoriýasynda Ýeňiş güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi
Aşgabatda Magtymguly operasynyň görkezilişi boldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda