Bedew batly at-myradyň mekanydyr Watanym

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda “Bedew batly at-myradyň mekanydyr Watanym” atly söhbetdeşlik geçirildi.Söhbetdeşlikde, häzirki döwürde türkmen bedewlerini gorap saklamak, ösdürmek we dünýä¬de wagyz etmek döwlet derejesinde mö¬hüm ugurlaryň biri bolup durýar.

Atçylyk pudagynda alnyp barylýan ylmyseçgi işleri, halkara sergiler we baýramçylyk çäreleri bedewleriň şöhratyny has-da artdyrýar.Türkmen bedewleriniň milli buýsanjy hökmünde sarpalanmagy ýaş nesillerde taryha hormat goýmak we milli gymmatlyklara wepalylyk ruhuny berkitmäge hyzmat edýändigi barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda behişdi bedewlerimiziň waspyny dünýä ýaýmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Bedew batly diýarym, aýdym-sazly mekanym
TÜRKMEN ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY WE MEDENIÝETIŇ GADYMY KÖKLERI
UÇURYMLARYŇ DÖREDIJILIGINDE MILLI MIRASYMYZYŇ WASPY
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan sergi we maslahat
Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary boýunça geçirilen onlaýn ders bäsleşiginiň jemi jemlendi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda