Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda Arkadag şäheriniň 3 ýyllygy mynasybetli “Gahryman Arkadagymyzyň mähir-yhlasyndan kemala gelen hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýoly bilen bedew batly gadam urýan Arkadag şäheri-täze eýýamyň beýik eseri we ýaşlaryň bagtyýar geljegi” atly brifing duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy Hezretguly Bäşimow, Arkadag şäheriniň Onkologiýa merkeziniň umumy onkologiýa bölüminiň lukmany Şanur Rejepow, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktorynyň orunbasary Käkilik Öwezberdiýewa, Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň eýesi Seýitmuhammet Seýitmuhammedow, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri, “Parahatçylyk dilleri” ÝUNESKO klubynyň işjeň agzasy Aýgül Gurbanowa dagy gatnaşdylar.
Gepleşigi Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri Gurbanmyrat Muhammedow alyp bardy.Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hakynda täsirli söhbetler edildi.
