BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde “Bedew batly ösüşleriň mekany” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlygymyz bolan ahalteke atlarymyzyň sarpasynyň belentde tutulyp, bedewlerimize goýulýan hormatyň has-da artýandygyny, Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke-bedewi biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly eserlerinde bedewlerimiziň şan-şöhratyny, atçylygyň taryhy, seýisçilik sungaty barada maglumatlardyr, rowaýatlar hakynda çykyş etdiler.

Söhbetleriniň soňunda ajaýyp döwrümiziň bezegine öwrülen behişdi bedewlerimiz baradaky aladany dünýä derejesine çykaran, bagtyýarlyk döwrüniň bagtyna guwanyp, eşretli durmuşda ýaşaýan halkymyza döwletli-döwrany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynyň belent ösüşleriniň waspy.
Galkynyş milli at üstündäki oýunlar topary milli sirk sungatynyň parlak ýyldyzy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
Toý dabaraň dünýä ýaňdyr Diýarym!
Halklary ýakynlaşdyrýan köpri
Gallaçylaryň zähmet ýeňşiniň hormatyna
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi