Toý dabaraň dünýä ýaňdyr Diýarym!

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at myradyň mekany ýylymyzda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli “Toý-dabaraň dünýä ýaňdyr Diýarym!” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler, şanly Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde gazanylan ägirt uly üstünlikler,eziz Watanmyzyň ähli ugurlardaky ýagny biziň ykdysadyýetimizde, milli medeniýetimizde we sungatymyzda , ylymda-bilimde, saglygy saklaýyşda, binagärlikde, halkara gatnaşyklarynda ýeten derejeleri hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen, şu günler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygyna görülýän taýýarlyk, şu uly baýramçylyga bagyşlanyp geçirilýän dürli baýramçylyk dabaralary hakynda gürrüň etdiler. Öz bilşimiz ýaly, türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan dost-doganlyk, ynsanperwer syýasaty dünýä dolýar. Çykyş edenler bular hakynda nygtamak bilen öz söhbetleriniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Aty baryň ganaty bar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi Dürdänede şatlyk-şowhunda dowam edýär
Ertekiler çagalaryň ruhy dünýäsiniň açary
Kim köp erteki bilýär