Kim köp erteki bilýär

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Şöhle” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Türkmen halk ertekileri esasynda Kim köp erteki bilýär ady bilen çeper okaýyş geçirildi.

Geçirilen çeper okaýyşda körpeje nesillerimiziň öz wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin gurulan dynç alyş merkezleriniň sany barha artýandygy, diňe bir dynç alyş merkezleri bilen çäklenmän ýurdumyzda gurulýan çagalar baglarynyň, dünýä ülňülerine laýyk gelýän mekdepleriň sany hem gün-günden artýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de çagalara ýaş aýratynlyklaryna görä ertekili kitaplary okap bermek, onda bolup geçýän wakalary sada dilde düşündirmek, çaganyň terbiýesinde örän ähmiýetli bolup durýandygy barada beýan etdiler we birnäçe ertekili kitaplardan çeper okap berdiler hem-de ertekilerdäki gahrymanlar barda sorag-jogap alyşdylar. Çäräniň ahyrynda çagalara dynç almaga şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Çagalaryň şatlygy köňülleriň buýsanjy
Bagtyýar çagalygyň sapaly günleri
Körpeleriň ertekilere bolan söýgüsi
Kitaplar täsinlikler dünýäsi
Türkmen halk ertekileri
Magtymguly sözlär tili türkmeniň