Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde “Magtymguly sözlär tili türkmeniň” atly akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan çeper okaýyş geçirdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly dünýäniň akyldary” atly dana şahyrymyzyň ajaýyp döredijiligi barada täsirli gürrüňler açýan ajaýyp kitapdan bölekleriň okalmagy ýaş nesillerde uly täsir galdyrdy. Ýurdumyzyň dürli künjeginden dynç alyşyny sapaly geçirmäge gelen körpejelerimiz akyldar Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ýatdan we labyzly ýerine ýetirdiler. “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Bagtyýar çagalyk” gepleşiginiň ýazgy etmekliginde geçirilen bu çärämizde dünýäniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi hem-de onuň goşgularynyň nesil terbiýesinde tutýan orny hakynda söhbetler edildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar beýik akyldar şahyrymyzyň döredijilik mirasyny dünýä ýaýyp öwrenmeklige ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýtdylar.
