Türkmenlerde at bilen baglanyşykly däpleriň, rowaýatlaryň, nakyllaryň ençemesi döredilipdir.Bu bolsa ýaş nesli atçylyk sungaty bilen ýaşlykdan gyzyklandyrmaga höweslendirýär.Toý-baýramlarda at çapyşyklary at üstündäki dürli milli oýunlary guramak asylly däbe öwrüldi.
At çapyşygy Türkmenistanyň ähli ýerinde gadymdan bäri meşhurdyr.Her obanyň adygan seýisleri, dabarasy dag aşan bedewleri bolup, olar toýlarda janköýerleriň toý şatlygyny goşalandyrypdyr. Şol sebäpli uludan tutuljak toýlarda at çapyşygynyň we at üstündäki oýunlaryň geçiriljekdigini birnäçe gün öňünden jarçylar habar edipdirler.
At çapyşygyna beýleki obalaryň hem ezber seýisleriniň atlary gatnaşdyrylypdyr.At çapyşygyny guramak üçin öňden gelýän kada görä, düz meýdan saýlanylyp alnypdyr.Oňa halk arasynda “Aýlaw” diýlip, atlar bellenilen aýlaw ýoly boýunça çapylypdyr.
Munuň üçin aýlawy öňünden taýýarlapdyrlar, ýagny, at çapylanda päsgel berjek ýa-da aty ürküzjek daş, ot we beýleki zatlar aýrylyp, arassalanylypdyr.Aýlaw görnüşindäki çapuw meýdanynda tomaşaçylara at çapyşyklaryny synlamak oňaýly bolupdyr.
Uzak aralyga at çapdyrmak boýunça guralan ýaryşlar, adatça, giň sähralyk ýerde, käbir ýerde bolsa iki obanyň aralygynda geçirilipdir. Şeýle ýaryşlar “Dogry tomaşa” diýip atlandyrylypdyr. Ýelden ýüwrük türkmen bedewiniň ýörite eldekileşdirilen elguşlar bilen ýaryşdyrylan pursadynyň bolandygy barada hem halkyň içinde gürrüňler saklanyp galypdyr.
Toýlarda geçirilen at çapyşyklarynda baş baýrak hökmünde öküz, düýe, türkmen halysy ýaly baýraklar goýlupdyr.Munuň özi halkymyzyň atçylyk sportuna gyzyklanmasynyň has irki döwürden gözbaş alýandygynyň subutnamasydyr.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly barýan Watanymyzyň ösüşleri baky bolsyn!
Milli gymmatlyklarymyzy sarpalap, ony wagyz etmek hem-de geljek nesillere ýetirmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!
