Bedew internet dükany gurluşyk harytlarynyň giň assortimentini 12 aýa çenli garaşaryna hödürleýär

Bedew internet dükany gurluşyk harytlarynyň giň assortimentini 12 aýa çenli garaşaryna hödürleýär

Bedew internet dükany alyjylary amatly bahalardan ýetirilýän dürli görnüşli gurluşyk materiallarynyň hem-de öý abatlamak üçin zerur bolan harytlaryň giň assortimenti bilen tanyşmaga çagyrýar.

Bedew.com.tm saýtynyň sahypalarynda gurluşyk we abatlaýyş işleri üçin gerekli bolan enjamlary: islendik hili gurluşyk materiallaryny — kerpiçden we agaç pürslerden başlap ýasy demir böleklerine çenli, armatura we gips karton, adaty we elektrik gurallary, abatlaýyş üçin harytlary (boýaglar, oboýlar, kafeller, laminat we ş.m.), enjamlar (kebşirleýiş kaskalary, howpsuzlyk äýnegi we ýüz örtükleri), sanitar-tehniki önümler, gapylar we esbaplar, dürli berkitmeler we başgalar bar.

Internet dükanynda şeýle-de öý goşlary, gap-gaçlar, hojalyk himiki serişdeler, bedreler, asgyçlar we beýleki zerur zatlar hödürlenýär. Internet dükanyň sahypalarynda umumylykda 10 müňden gowrak haryt görnüşi bar.

100 manatdan ýokary möçberde sargyt eden müşderilere harytlar Aşgabat şäheriniň islendik ýerine 2 sagadyň dowamynda mugt eltilip berilýär. Tiz eltip berme hyzmatyndan peýdalanýan müşderilere bolsa harytlar görkezilen salga 1 sagadyň içinde ýetirilýär.

Zerur bolan ýagdaýynda dükanyň harytlary Türkmenistanyň beýleki welaýatlaryna hem elýeterli bahadan eltilýär.

Şeýle-de dükan 1 müň — 30 müň manat aralygyndaky pul möçberinde söwda eden müşderilere satyn alnan harytlaryň tölegini 3 aýdan 12 aýa çenli garaşaryna möhletleýin tölemek şerti bilen berip bilýär.

Gurluşyk dükanynyň web saýtyndan başga-da, öz mobil goşundysy hem bardyr. Google Play hem-de AppStore internet dükanlaryndan ony ýükläp almak bilen, ulanyjylar dükanyň edil web saýtdaky mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilerler.

Internet dükanynyň harytlary we eltip berme hyzmatynyň şertleri barada goşmaça maglumat almak üçin telefon belgileri: (+993 62) 65 72 22.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň iri internet bazarynyň wagtlaýyn ýapylmagy ulanyjylary aljyratdy
Aýterek goşundysynda satyň, kärendesine alyň, satyn alyň we ýöne özara habarlaşyň
Aşgabat gipermarketi hurmalaryň köpdürli görnüşlerini hödürleýär
eKassa ykjam programmasy AŞTU hyzmatlarynyň amatly tölegi
Balyklaryň we deňiz iýmitleriniň köpdürli görnüşleri — Aşgabat gipermarketinde
Turkish Airlines awiapetekleri bronlamagyň dürli usullary barada habar berýär