Belarusyň tokaýlaryna haýwanlar üçin naharhanalar guraldy

Belarusyň tokaýlaryna haýwanlar üçin naharhanalar guraldy

Belarusly tokaý hojalykçylar haýwanlara gyşy aman geçirmäge kömek edýärler, olary üçin ýörite naharhanalary guraýarlar. Olarda dänäniň, samanyň we gök önümleriň müňlerçe tonnasy sugunlara, loslara we marallara gyşy sag-aman geçirmäge kömek edýär diýip, MIR 24 ýazýar.

Tokaý naharhanalarynda haýwanlara saman, däne we gant şugundyry garaşýar. Loslara ýokumly duz goýulýar, şeýle hem gök-bakja önümleri berilýär. Özbaşdak iýmitlenmek tokaý haýwanlaryna aňsat däl, gar we buz olara iýmit tapmaga päsgel berýär.

Gar galyň düşmänkä, olar meýdanlary aýlanyp, baglarda galan almalary iýýärler, gar galyň düşdügi, biz olary naharlamaga başlaýarys diýip, Stolbsowsk tokaý hojalygynyň awçylyk hojalygy boýunça inženeri Oleg Lukşa gürrüň berýär.

Bu ýyl Belarusda gyş garly we sowuk geldi. Şonuň üçin tokaý naharhanalary haýwanlaryň arasynda has-da meşhur. Olarda her bir jandar özüne gerek iýmitini tapyp bilýär.

Ýene degişli makalalar

Belarusda berýoza şiresini ýygnaýarlar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Zonguldakda metjidiň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Milli öndürijiler — ykdysadyýetiň daýanjy
Garaşsyzlyk müdimilik mukaddeslik!
Halas ediji robot