Belarusda berýoza şiresini ýygnaýarlar

Belarusda berýoza şiresini ýygnaýarlar

Belarusda berýoza şiresini ýygnamaga başladylar diýip, MIR 24 ýazýar.

Munuň üçin agajyň bilinden kesip, deşik ýasaýarlar we oňa uly bolmadyk ganawjyk oturdýarlar. Her agaçdan şiräni az alýarlar.

Bir gijede tonnadan gowrak şire almak bolýar, berýoza şiresini tokaý hojalyklarynda ýörite ýerlerde satyn almak mümkin.

Özbaşdak şire toplamak üçin tokaý hojalyklaryndan rugsat almak gerek. Bikanun toplansa, 800 belarus rubly möçberinde jerime tölemeli.

Munuň üçin tokaý hojalyklaryna ýüz tutmaly. Hünärmenler şire almak üçin amatly bolan agaçlary salgy berýärler. Olar golaý iki ýylda çapyljak agaçlar diýip, Tokaý hojalygy we tokaýy dikeltmek bölüminiň başlygy Ýelena Bunsewiç gürrüň berýär.

Bu ýyl Belarusda 10 müň tonnadan gowrak berýoza şiresini toplamakçy bolýarlar. Onuň bir bölegi GDA döwletlerine, Hytaýa we Wýetnama eksporta iberiler.

Ýene degişli makalalar

Belarusyň tokaýlaryna haýwanlar üçin naharhanalar guraldy
Nigeriýanyň Hökümeti Bikanun Ýollardan Alnyp Gidilen Pullaryň Yzyna Gaýtarlyp Berilmegi Isleýär
MÖWSÜMLEÝIN KESELLERDEN GORANYŇ!
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşy
Türkmen hem daşary ýurt talyplary himiýa boýunça internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrylýar