MÖWSÜMLEÝIN KESELLERDEN GORANYŇ!

MÖWSÜMLEÝIN KESELLERDEN GORANYŇ!

Lukmanlaryň iş tejribesi we ylmy maglumatlar ýiti respirator keseli aglaba ýagdaýda wiruslaryň döredýändigini görkezýär. Ýöne bu kesel wagtynda anyklanyp bejerilmese, soňra wiruslaryň üstüne bakteriýalar hem goşulyp, agyr gaýraüzülmeleriň ýüze çykmagyna getirip bilýär.

Bu möwsümleýin döreýän keseller bilen dürli ýaşdaky adamlar, esasan-da, 5 ýaşa çenli çagalar köp keselleýärler.Dümew keselleriniň ählisi syrkawdan sagdyn adama howanyň üsti bilen ýokuşýar hem-de gyzdyrma, üşütme, burun dykylma, kellagyry, ysgynsyzlyk ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar.

Kesel ýokuşandan soň, birnäçe sagatdan 2 güne çenli wagt aralygynda ýitileşip başlaýar.Adatça, syrkaw birdenkä üşüdip ugraýar, ysgyndan gaçýar, gyzdyrýar.Bedeniň temperaturasy ýokarlanýar, maňlaýda, göz almalarynda, uly bogunlarynda we myşsalarda agyry döreýär.

Näsagyň ýagdaýy tiz erbetleşýär.Kesel başlananda, ysgynsyzlyk, başaýlanma, ýürek bulanma, gaýtarma ýaly alamatlar ýüze çykýar.Eger wagtynda lukmanlaryň maslahaty bilen dogry we doly bejergi alynsa, bu keselden çalt gutulmaga ýardam edýär.

Syrkaw doly sagalýança, öýde, beýleki maşgala agzalaryndan aýry otagda bolmaly.Zerur bolmasa, onuň düşekden turmazlygyna gözegçilik etmeli.Otagda her gün çygly arassalaýyş işlerini geçirip durmaly. Özbaşdak antibiotikleri ulanmakdan saklanmaly.

Näsaga köp mukdarda suwuklyk — arassa agyz suwuny, gazsyz mineral suw, kisel, gök önüm we miwe şirelerini, almanyň, kakadylan erigiň, garalynyň, kişmişiň şerbedini içirmeli.Witaminlere, mineral elementlere baý bolan gök önümleri iýdirmeli.

Limon, bal goşulyp taýýarlanan çaýlary, zenjebil, itburun gaýnatmasyny içirmeli.Nahara sogan, sarymsak, ajy burç atylyp iýilse peýdaly.Syrkawyň burnuna günüň dowamynda 5-6 gezek duzly ergini pürkmek maslahat berilýär.

Halk lukmançylygynda üzärligiň otundan we gülünden taýýarlanan dermanlyk pet sowuklamada ulanylýar.Ol gaýnadylyp, guragyryda, gijilewük we beýleki deri kesellerinde giňden ulanylýar. Üzärlik demlemelerini peýdalanmaly, ýagny owradylan otunyň 200 gramyny 10 litr gaýnag suwda 10 — 15 minut saklamaly we hasa bilen süzüp, emele gelen jöwhere suwa düşünseň, bogunlardaky guragyryny köşeşdirýär hem-de birnäçe deri kesellerine em bolýar.

Buýan köküniň şiresi 1 nahar çemçesi bilen 3 wagtyna içilse, dem alyş ýollaryna peýdalydyr.Adamlaryň köp üýşýän ýerlerine barmakdan saklanmaly, 2 metr howpsuz aralygy saklamaly.Hemişe ýanyňda çygly süpürgiçleri götermeli.

Wirusyň eller arkaly ýokuşmak howpy dörän ýagdaýlarda, eliňi çygly süpürgiç bilen süpürmeli. Ýaşaýan jaýyň temperaturasyna yzygiderli gözegçilik edip, her gün 3-4 gezek otaglaryň içini ýelejiredip, çygly esgi bilen arassalap durmaly.

Maýyl we çygly otagda wiruslar dargaýarlar.Agyz-duzly ergin bilen yzygiderli çaýkap durmaly we burun boşlugyna Oksolin melhemini çalmaly.Sebäbi burnuň nemli bardasy gurak bolanda, ýerli immunitet peselýär we wiruslaryň bedene aralaşmagy üçin oňaýly şertler döreýär.

Keselden goranmak maksady bilen, öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda almak maslahat berilýär. Öňüni alyş sanjymy wagtynda alnanda, keseliň ýokuşmak howpy azalýar.Arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, ýaşaýan ýeriňi, bedeniňi, egin-eşigiňi, ýorgan-düşegiňi, gap-gajyňy arassa saklamak hem-de dogry iýmitlenmek, işjeň hereket etmek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak arkaly immunitetiňi yzygiderli berkitmäge çalyşmaly.

Gunça Seýidowa

Ýene degişli makalalar

Lebabyň hassahanalaryndaky şertler näsaglary alada goýýar
Türkmenistanda dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleri giňden ýaýraýar, hassahanalarda ýer tapdyrmaýar
Aşgabatda ilat derman almak üçin öý goşlaryny, ulaglaryny satmaga mejbur bolýar
Güýz paslynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar
Üsgülewügiň tebigy bejergi usullary
Sesiň gyrylmagyna tebigy bejergiler