Türkmenistanda dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleri giňden ýaýraýar, hassahanalarda ýer tapdyrmaýar

Türkmenistanda dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleri giňden ýaýraýar, hassahanalarda ýer tapdyrmaýar

Türkmenistanda dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleri ýaýraýar.Lebap, Mary welaýatlarynda we paýtagt Aşgabatda hassahanalar näsaglardan, hususan-da çagalardan doldy.Näsaglaryň köpüsine öýünde bejergi almak maslahat berilýär.Lebabyň Türkmenabat şäherinde bolsa, hassahanalara sygmadyk näsaglara saglyk öýlerinde bejergi berilýär.

Keselçiligiň ýaýramagy, dermanhanalaryň öňünde adamlaryň uzyn nobatlarynyň emele gelmegine hem getirdi.Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenabatdan, Marydan we Aşgabatdan maglumat berdiler.

“Çagalar beden temperaturasynyň aşa ýokarlanmagyndan, damak-bokurdak agyrylaryndan, demgysmadan ejir çekýärler. Bu çagalar adaty dümew üçin niýetlenen dermanlar bilen keselçilikden açylmaýarlar. Olara bäş günlük sanjym berilýär” diýip, lebaply lukman anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Ene-atalaryň we lukmanlaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, häzirki wagtda bu alamatlar bilen kesellän çagalaryň sanynyň aşa köplügi sebäpli, Lebap welaýat çagalar hassahanasynda boş ýer galmady.

Hassahananyň lukmanlary ene-atalara çagalarynyň saglygyna saglyk öýlerindäki tölegli bölümlerde seretdirmegi ýa-da öýde bejergi almagy maslahat berýärler.

“Ene-atalar saglyk öýlerinde nobata durýarlar. Her ene-ata öz çagasyny bellenen sagatda eltip, sanjym etdirýär. Bu ýerde çagalar gan we rentgen barlagyndan hem geçirilýär” diýip, saglyk öýüniň lukmany belledi.

Onuň tassyklamagyna görä, soňky günlerde saglyk öýlerine ýüz tutýanlaryň sany bäş esse artdy.

"Näsaglaryň akymynyň köplügi zerarly, geçen ýekşenbe güni saglyk öýleriniň köp lukmany we şepagat uýasy özleriniň ýeke-täk dynç gününde hem işlemeli boldular" diýip, ol belledi.

Keselçilik uly ýaşly adamlaryň arasynda hem ýaýraýar. Lukmanlar Turkmenabadyň şäher hassahanasyna we Lebap welaýatynyň köp ugurly hassahanasynyň Öýken bölümine hem ýüküň artandygyny aýdýarlar.

"Otaglar näsaglardan doly. Täze gelýän hassalara öýlerinde bejergi almak maslahat berilýär” diýip, şäher hassahanasynyň bir lukmany anonim şertde gürrüň berdi.

Marydaky habarçymyz hem, sebitiň hassahanalarynda, hususan-da, çagalar bölümlerinde näsaglar üçin ýer tapdyrmaýandygyny aýdýar.

“Näsaglaryň köpüsine öýünde bejergi almak maslahat berilýär. Ýöne lukmanlar tarapyndan ýazylyp berlen dermanlar wagty bilen kömek etmeýär. Keselçilik agyr geçýär” diýip, habarçymyz belledi.

Aşgabatdaky habarçymyz hem, ýerli lukmanlara salgylanyp, dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleri bilen keselleýänleriň köpelendigini, munuň bilen bagly, lukmançylyk edaralarynda adamlaryň nobatlarynyň artandygyny aýdýar.

“Lukmanlar ilkinji kömegi berýärler we olara dermanlary, sanjymlary ýazyp berip, öýlerinde bejergi almagy maslahat berýärler” diýip, habarçy belledi.

Ýerli lukmanlaryň ençemesi ýiti dümew alamatlary bilen geçýän bu keselçiligiň koronawirus ýa-da ORWI bolup biljekdigini çaklaýar. Ýöne olar näsaglarda degişli testleriň geçirilmeýändigi sebäpli anyk bir zat aýtmagyň kyndygyny hem belleýärler.

Dem alyş ýollarynyň ýiti wirus ýokançlygy (ORVI) howa-damja ýoly bilen geçýän, ýokanç toksikoz alamatlary bilen dem alyş ýollarynyň katarral çişmegi bilen häsiýetlendirilýän ýiti wirus keselleriniň toparydyr.

Keselçiligiň ýaýramagy, Aşgabadyň, Marynyň we Lebabyň dermanhanalarynyň öňünde adamlaryň uzyn nobatlarynyň emele gelmegine hem getirdi.

“Täze ýyldan öň, Türkmenabadyň dermanhanalaryna girip göreniňde, her äpişgede bir ýa-da iki adamyň derman satyn alyp durandygyny görse bolýardy. Häzir her äpişgede ýedi-sekiz adamyň nobata durandygyny synlasa bolýar” diýip, Lebapdaky habarçymyz belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada sebitleriň Saglygy goraýyş bölümlerinden we hassahanalaryndan kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanda ilatyň, hususan-da, çagalaryň arasynda dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleriniň ýaýraýandygy barada Azatlygyň ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylary soňky üç aýa golaý wagtyň dowamynda ençeme gezek maglumat berdiler.

Geçen hepdäniň ahyrynda Marydaky habarçylarymyz sebit hassahanalaryna ýüküň artýandygyny habar beripdiler.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy bu ýagdaýlar barada dymyşlygyny saklaýarlar. Bu barada ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň resmi websaýtynda hem haýsydyr bir maglumat göze ilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda ilat derman almak üçin öý goşlaryny, ulaglaryny satmaga mejbur bolýar
Aňzakda, göreşde açylan ak gül
Türkmenistanda gyzamyk keseliniň ýaýramagy dowam edýär
Lebabyň hassahanalaryndaky şertler näsaglary alada goýýar
Marynyň hassahanalarynda gelinler "ýerde çaga dogurmaga mejbur bolýar"
Nyýazow adyndaky hassahanada näsaglaryň hossarlaryndan yzygiderli nahar getirmek talap edilýär’