Türkmenistanda gyzamyk keseliniň ýaýramagy dowam edýär

Türkmenistanda gyzamyk keseliniň ýaýramagy dowam edýär

Türkmenistanda gyzamyk keseliniň ýaýrap başlamagyna ençeme aý boldy. Türkmenistanyň häkimiýetleri Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndan tapawutlylykda bu kesel bilen bagly ýagdaýy resmi taýdan gozgaman, zerur çäreler barada köpçülige düşündiriş bermeýärkä, çagalar keselleýär, bu ýokanç hassalyk ýaýraýar. Azatlygyň habarçylarynyň maglumatyna görä, Daşoguzdaky ýagdaý resmileri çäre görmäge mejbur edipdir.

Daşoguz welaýatynyň Görogly we Akdepe etrap mekdeplerinde şu günler okuwçylaryň sany az. Keselläp okuwa gatnamaýan çagalaryň ençemesi gyzamykdan bejergi alýar. Bu barada welaýatyň saglyk we bilim pudaklarynyň wekilleri Azatlyk Radiosyna anonimlik şerti bilen habar berdiler.

"Etraplarda okuwçylar ýüzläp mekdeplere barman öýlerinde we hassahanalarda gyzamykdan bejergi alýarlar. Okuwçylaryň arasynda 20 gün bäri mekdebe gelmeýänler köp" diýip, anonim gepleşen çeşmeleriň biri aýtdy.

Daşogzuň etraplaryndaky bu ýagdaý şol ýere barlag bilen baran Bilim ministrliginiň resmileriniň ünsüni çekipdir. Etraplara baran barlagçylar çagalaryň okuwa gatnamaýandygyny görüp, sebäbini anyklapdyr we çäre görmegi talap edipdir.

"Geçen hepde Akdepe etrap mekdeplerine Bilim ministrliginden barlaglar gelip, okuwçylaryň bu dereje gelmezligini soranlarynda olara etrapdaky gyzamyk epidemiýasy barada we şu sebäpden çagalaryň öýlerinde bejergi alýandyklaryny aýtdyrlar. Bilim resmileri dessine welaýatyň saglygy goraýyş müdirliginden Akdepe etrabynda gyzamyk keseliniň soňuna çakmak üçin ähli çäreleri görmegi soradylar" diýip, ýerli çeşmeleriň ýene biri gürrüň berdi.

Bu aralykda etrapdaky dermanhanalarda derman gytçylygy güýçlenýär. Adamlar keselleýän çagalary, şol sanda gyzamyk bilen kesellän körpeleri el ýüzündäki serişdeler bilen bejermäge synanyşýarlar.

"Çagalary gyzamykdan bejermek üçin ene-atalar syrkawlanlara at süýdüni içirmek we aýdym saz diňletmek ýaly gadymy usullary ulanýarlar. Emma bu kesel agyr geçýär" diýip, Daşogzuň ýaşaýjysy aýdýar.

Gyzamyk ýiti ýokançlyk derejeli howply kesel hasaplanýar. Näsaglyk ýokary gyzgyn, agzyň we ýokarky dem alyş ýollarynyň çişmegi, gözleriň gyzarmagy we gijemegi we bedende gyzyl nokatlaryň döremegi ýaly alamatlar bilen geçýär. Adamyň bedeni zäherlenýär. Bu kesel esasan çagalarda bolýar we bäş ýaşyna ýetmedik körpelere has uly howp salýar.

Türkmenistanda gyzamyk keseli güýzde ýaýrap başlady. Keseliň paýtagtda peýda bolandygyny we ýaýraýandygyny ýerli habarçylar saglyk we bilim wekillerine salgylanyp noýabryň başynda habar berdiler. Şonda Aşgabadyň ýokanç keseller hassahanalarynda gyzamyk bilen kesellän çagalaryň sany köpeldi.

Soňra Türkmenbaşyda gyzamyk bilen kesellän ýüzden gowrak çaganyň keselhanalarda saklanýandygy belli boldy. Türkmenbaşyda saglyk işgärleriniň birnäçesi gyzamygyň häzirki görnüşiniň çaltlyk bilen ýaýrap, gyzamyga garşy waksinanyň ähli dozasyny alan çagalara hem ýokuşýandygyny we keselçiligiň agyr geçýändigini aýtdylar.

Gyzamyk keseli soňky aýlarda Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynda çalt ýaýraýar.Gyrgyzystanda birnäçe müň çaganyň keselländigi, ölüm hadysalarynyň bolandygy habar berildi.Resmi maglumatlara görä, bu ýurtda gyzamyk keseli 2023-nji ýylyň başynda bäri hasaba alnyp başlanypdyr we güýzde ýagdaý hasam erbetleşipdir. Şeýle ýagdaý 2015-nji ýyldan bäri bolmandyr.

Gyzgyz resmileri adamlaryň çagalaryna waksina etdirmekden ýüz öwürmegini keseliň ýaýramak sebäpleriniň biri hökmünde görkezýärler.

Türkmenistanda gyzamyk keseliniň hasaba alnyp-alynmaýandygy we waksina almak üçin nähili mümkinçiligiň bardygy nämälim galýar.

Türkmenistanda ýokanç keselleriň statistikasy ýyllarboýy çap edilmän gelýär. Saglyk resmileri keselleriň ýaýramagy barada maglumat we teswir bermekden saklanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda çaga keselçiligi artýar, ölüm wakalary barada habar berilýär
Aňzakda, göreşde açylan ak gül
Türkmenistanda dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleri giňden ýaýraýar, hassahanalarda ýer tapdyrmaýar
Aşgabatda ilat derman almak üçin öý goşlaryny, ulaglaryny satmaga mejbur bolýar
Kruiz Gämileri Marmarise Gelmäge Dowam Edýär
Balkanyň häkimiýetleri esgerleri mejbury pagta ýygymyna köpçülikleýin çekýär