Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bazarlary ýokary hilli gök önümler bilen üpjün etmäge mynasyp goşant goşýarlar

Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bazarlary ýokary hilli gök önümler bilen üpjün etmäge mynasyp goşant goşýarlar

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň gök ekerançylary düýp soganyň, käşiriň we kelemiň ýazky ekişini üstünlikli tamamladylar.Bu ekinler has köp mukdarda G.Atamedow adyndaky we Zähmetkeş daýhan birleşiklerinde ekildi.

Etrap boýunça jemi 120 gektar meýdana sogan, 70 gektara käşir we 40 gektara kelem ekildi.Işleriň ýokary derejede guralmagynda Akdepe, Şabat, Garaşsyzlyk etraplarynyň we beýleki etraplaryň ekerançylary hem işjeňlik görkezdiler. Şunda Garaşsyzlyk etrabynyň ekerançylary welaýatda öndürilýän gök ekinleriň mukdary boýunça öňdebaryjylygy saklamagy maksat edinýärler. Şu ýazda welaýat boýunça diňe sogan ekmek üçin jemi 2 müň 200 gektar ýer bölünip berildi.

Sebitiň ekerançylary agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly, her gektardan azyndan 250 sentner hasyl almagy meýilleşdirýärler.Welaýatda sogan we käşir güýzki möwsümde hem ekilýändigini bellemek gerek.Welaýatyň ekerançylary her ýyl sarp ediş bazarlaryny ýokary hilli oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmäge uly goşant goşýarlar.

Oba hojalyk pudagynyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ekinleri ösdürip ýetişdirmäge ylmy esasda çemeleşilmegi, ýerli howa şertlerine has amatly gelýän ekin meýdanlarynyň we ösümlikleriň tohumlarynyň saýlanyp alynmagy, suw serişdeleriniň tygşytly ulanylmagy hem-de döwrebap ýöriteleşdirilen oba hojalyk tehnikalarynyň bolmagy esasy orun eýeleýär.

Käbir ekin görnüşlerinden ýylda iki gezek hasyl alynmagy we ýyladyşhana hojalyklarynyň ulgamynyň ösdürilmegi hem ilaty ýylyň ýylynda witaminli önümler bilen üpjün etmäge ýardam berýär.

Ýene degişli makalalar

Daşoguzda ýitileşýän suw ýetmezçiligi gowaça ekişini bökdeýär
Ýol infrastrukturasynyň ösüşi: hereket howpsuzlygy we rahatlygy
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Daşoguzda ýagan güýçli gar hereketi çäklendirdi, ilatyň gaz we elektrik üpjünçiligi kesildi