Halas ediji robot

Nemes inženerleri gark bolan adamlary halas etmäge ukyply robot döretdiler.Robot kölde synagdan geçirildi.Robot adamlaryň suwuň aşagynda aýlanýar we kimdir biriniň gark bolmagynyň öňüni almak üçin zerur bolanda ýagdaýlarda ýüzüp, onuň ýanyna barýar.

Bu robotdan peýdalanmak üçin suwa düşülýän kölüň ýa-da howzuň düýbünde robota degişli buýrugy berjek beket ýerleşdirilmeli. Şeýle hem ýüzýänlere gözegçilik etmek üçin suwuň ýüzüni “görýän” kameralar oturdylmaly.Deňiz kenarlarynda bu kameralary oturtmak üçin ýüzýän şardan peýdalanyp boljakdygy aýdylýar. Özbaşdak hereket edýän robotyň özi bolsa sensorlar bilen enjamlaşdyrlypdyr.

Geçirilen synagda robot gark bolan adamy tapdy we kenara sag-aman çykardy.Häzirlikçe bu robotyň diňe synag maksady bilen işlenip düzülendigi mälim edildi we näwagt önümçiligine başlanjakdygy aýdylmady.

The post Halas ediji robot appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Koreýada Sil we Ýer Süýşmeleri Sebäpli Adam Pidalary Artýar
Awstraliýada Kenara Çykan Kitler Halas Edilip Bilinmedi
Gruziýadaky suw süýşgünlerinde heläk bolanlar artdy
Italiýada bosgunlary daşaýan gaýyk batdy
Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Täjigistana barar, Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrunda täze döredijilik bäsleşigi yglan edildi we beýleki habarlar
Hytaýda hususy fermadan 70-den gowrak krokodil gaçdy
Liwiýada Gözleg we Halas Ediş İşleri Güýçli Depginde Dowam Edýär