Belgiýada Boeing 747 kysymly ýolagçy uçarynyň hereketlendirijisiniň bir bölegi ýaşaýyş öýüniň üçegine gaçdy. Bu barada Canada Express News neşiri habar berýär.
Waka Warem ilatly ýerinde bolup geçdi, öý eýeleriniň aýtmagyna görä, olar uçaryň gürrüldisini eşidipdirler, birnäçe minut geçensoň, güýçli gümmürdi ýaňlanypdyr. Görlüp oturylsa, uçaryň ýere gaçan hereketlendirijisiniň bölegi olaryň garažynyň üçegini deşipdir.
Soňra uçaryň ýene bir bölegi girelgäniň ýodajygynyň golaýyndan tapylypdyr.
Uçaryň hereketlendirijileriniň biriniň kapotynyň ýolunandygy belli edildi, emma bu uçara uçuşy dowam etmäge päsgel bermändir. Ol Maltanyň halkara howa menziline gatnawy amala aşyrýan Air Atlanta awiakompaniýasynyň uçary eken.
