Omanda uçar ýangynynda 14 adam ejir çekdi

Omanda uçar ýangynynda 14 adam ejir çekdi

Omanyň paýtagty Maskat şäheriniň halkara howa menzilinde Hindistanyň Air India Express awiakompaniýasynyň uçarynyň ýanmagyndan 14 adam ejir çekdi. Bu barada Time of Oman habarlar gullugyna salgylanyp, Ren.tv habar berdi.

Wideoşekillerde uçaryň tüsseleýändigi we ony öçürjek boluşlary görünýär, şeýle-de uçardan ýolagçylar gaçýarlar.

Uçar 14-nji sentýabrda irden Hindistanyň Koçin şäherine uçmalydy, ol uçuş-gonuş zolagyna tarap ugur alýarka, tüsseläp başlady.

Omanyň raýat awiasiýasy edarasy wakanyň sebäbiniň derňelýändigini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Tramp Eýran gepleşiklerine aýlawly ýollardan gatnaşjakdygyny aýtdy
Aragçi sionistleriň kanun bozmalarynyň netijeleri barada duýduryş berdi
Eýran-Oman Strategik Maslahat Komitetiniň 11-nji samiti geçirildi
Eýranyň we Omanyň daşary işler ministrleriniň Maskatda geçiren duşuşygynyň jikme-jiklikleri
Tähranyň berk habary: Raketalar we baýlaşdyrmak gepleşik geçirilmeýän gyzyl çyzykdyr
Pezeşkiýan ABŞ bilen geçirilýän gepleşikleri Tähran üçin "öňe gidişlik" hökmünde häsiýetlendirdi
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky ýadro gepleşikleriniň depgini güýçlendi