Belgiýalylar öýlerine gaýtdylar, Marokko bilen Howatiýa 1/8 finala çykdy

Katar 2022-de “F” toparçada Marokkonyň ýygyndysy Kanadany 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 4-nji minutda Ziýeşiň goly bilen öňe saýlanan Marokkonyň ýygyndys 23-nji minutda En-Nesiri afrikalylary 2-0 öňe çykardy. 40-njy minutda-da Kanadanyň çep gyragadan amala aşyran hüjüminde Aguerdiň ýalňyşlyk bilen geçiren goly esasynda aratapawudy 1 gola düşürdi.

Bu oýundaky soňky gol boldy.Bu ýeňişden soň Marokkonyň ýygyndysy 1986-njy ýyldan soň taryhynda 2-nji gezek Dünýa Kubogynda 1/8 finala çykdy.

Toparçadaky beýleki duşuşykda-da geçen ýaryşyň kümüş we bürünç medally iki ýygyndysy özara güýç synanyşdy. Çekeleşikli geçen oýunda hasap açylmady.Esasan hem Belgiýanyň ýygyndysy 2-nji ýarymda birnäçe amatly pursatlary elden giderdi.

Aýratyn hem Romelu Lukaku derwezä gönükdiräýmeli pursatlarda topy meýdançanyň daşyna ugratdy. Şeýlelikde, kümüş medally ýygyndy bürünç medally ýygyndydan üstün çykyp, 1/8 finalda oýnama hukuk gazandy.Altyn nesil ady bilen tanalýan Belgiýanyň ýygyndysy üçin bolsa çempionat wagtyndan juda ir tamamlandy.

Ýene degişli makalalar

Holann het-trikleriň hökümdary
De Bruýne, Hazar, Lukaku, Kurtua Belgiýanyň düzümi mälim edildi
DÇ-2022: Belgiýa Horwatiýa bilen deň oýnap, ýaryş bilen hoşlaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasy bilen gepleşikler geçirdi, Turkish Airlines Aşgabada uçuşlaryň sanyny artdyrar, Belarusyň söwda tekjelerinde Türkmenistandan getirilen pomidorlar peýda boldy we beýleki habarlar
ÝÇL 1/8 final: Inter Lukakunyň ýeke-täk goly bilen Portuny ýeňdi
Täjigistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna çagyrdy, Moskwada Dutaryň sesi festiwalyna bagyşlanan konsert geçiriler we beýleki habarlar