Belli Tilsimat 1C programmasy boýunça intensiw okuwlary ýola goýýar

Belli Tilsimat 1C programmasy boýunça intensiw okuwlary ýola goýýar

1-nji aprelde Belli Tilsimat türkmen kompaniýasy 1C programmasy boýunça intensiw okuwlary geçirip başlaýar. Bu bolsa 1C platformasynda buhgalteriýa we programmirlemek ugrundaky bilimleriňizi hem-de başarnyklaryňyzy artdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

1C: amaly buhgalteriýa okuwy diňleýjilere buhgalterlik hasabatyny dolandyrmak pudagynda möhüm bolan usullara we öňdebaryjy maslahatlara elýeterliligi üpjün eder. Bu okuw 1C programmasynyň işleýşini çuňňur öwrenmäge mümkinçilik bermek bilen, diňleýjileriň alan bilimlerini hakyky iş ýagdaýlarynda netijeli ulanmak ukybyny ösdürýär.

Modul 2 aý üçin niýetlenendir.

1C programmirlemegiň esaslary we tehniki meseleleri çözmek okuwy — bu 1C arkaly programmirleme dünýäsine doly aralaşmakdyr.

Munda siz diňe bir maglumatlar, hasabatlar we beýleki ulgamlar bilen integrasiýalar esasynda işlemek bilen çäklenmän, eýsem, platformadan islendik tehniki meseleleri çözmek üçin zerur bolan çuňňur bilimleri alarsyňyz.

Okuw maksatnamasy 6 aý üçin niýetlenen we hersi 3 aýdan bolan iki bölekden ybarat.

Belli Tilsimat topary IT çözgütleri işläp düzmekde we durmuşa geçirmekde uly tejribä eýedir. Häzirki wagta çenli kompaniýa ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndaky edara-kärhanalar üçin 1C platformasynda 300-den gowrak taslamany üstünlikli ýerine ýetirdi. Kompaniýa diňe bir adaty çözgütleri däl, eýsem, müşderiniň işewürliginiň aýratynlyklaryny göz öňünde tutýan özboluşly 1C işläp taýýarlama işlerini hödürleýär.

Kompaniýanyň möhüm üstünliklerinden biri hem Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki kärhanalarynyň işewürlik amallaryny awtomatlaşdyrmak boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegi boldy.Taslama 1C: ERP Kärhanany dolandyrmak 2 programma üpjünçiliginiň esasynda amala aşyryldy.

Bu taslamanyň netijesinde Halkara deňiz porty, Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody hem-de Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň beýleki kärhanalary bir ulgama birleşdirildi.Bu ulgam bolsa bir wagtyň özünde 800 ulanyjy üçin umumy maglumatlara elýeterliligi üpjün edýär.

Okuwlara ýazylmak we goşmaça maglumat almak üçin şu telefon belgi arkaly habarlaşyp bilersiňiz: (+993 65) 61 47 57.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň sirk artistleriniň Ýeňijilere şöhrat! atly çykyşlaryna aşgabatly tomaşaçylar ýokary baha berdiler
Döwlet sirkiniň işgärleri özboluşly we çylşyrymly tilsimli Täze ýyl çykyşlaryny taýýarladylar
Babasary Annamyradow: çeýelik öwüşginleri we söýgi zehini