Berdimuhamedow adalat ministrini başga işe geçirdi

Berdimuhamedow adalat ministrini başga işe geçirdi

Türkmenistanyň Prezident Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 4-nji oktýabrda geçirilen mejlisiniň barşynda Begmurat Rahmangulyýewiç Muhamedowy başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň adalat ministri wezipesinden boşatdy we ony Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ygtyýaryna iberdi.

Begmurat Muhamedow 2013-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň adalat ministri wezipesinde işledi. Geçen hepde Türkmenistanyň Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli oňa ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi hünär derejesini berildi. Şeýle hem ol Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglandy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, adalat ministri wezipesine Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy Merettagan Gurbandurdyýewiç Taganow bellenildi. M.Taganow şu ýylyň aprel aýyna çenli adalat ministriniň orunbasary bolup işläpdi.

Ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Batyr Orazmuhammedowiç Myradow başga işe geçmegi sebäpli, Balkan welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadylyp, ol Türkmenistanyň adalat ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
M.Taganow Türkmenistanyň täze adalat ministri wezipesine bellenildi
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň täze Baş prokuroryny belledi
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany