Berdimuhamedow Fransiýanyň Buig kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Berdimuhamedow Fransiýanyň Buig kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow meşhur “Bouygues” fransuz kompaniýasynyň baştutany Marten Buigi kabul etdi.

Işewür milletiň Liderini hem-de tutuş türkmen halkyny uly baýram — Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk şanly senesi, şeýle hem ýakynda geçirilen möhüm waka — Halk Maslahatynyň mejlisi bilen mähirli gutlap, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň we milletiň Lideriniň başlangyjy bilen amala aşyrylýan iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagyň uly hormatdygyny nygtady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, dürli ulgamlarda, şol sanda şähergurluşygy babatda ýöriteleşen öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri “Bouygues” bilen işewür hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belledi, munuň şeýledigine bilelikde üstünlikli durmuşa geçirilen birnäçe taslamalar şaýatlyk edýär.

Duşuşygyň dowamynda mundan beýläkki gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alşyldy, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary nazara alnyp, täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga fransuz kompaniýasynyň gatnaşmagynyň mümkinçiligine garaldy.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlaryň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Bouygues Batiment International bilen işewür hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belledi
Türkmen Lideri Bouygues we Çalyk Holding kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “BOUYGUES” FRANSUZ KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi