Türkmen Lideri Bouygues we Çalyk Holding kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Türkmen Lideri Bouygues we Çalyk Holding kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň öňden gelýän meşhur hyzmatdaş kompaniýalary bolan Bouygues fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buigi we Çalyk Holding türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Daşary ýurtly myhmanlar türkmen Liderini Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýubileýi hem-de Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Belläp geçsek, Bouygues we Çalyk Holding kompaniýalary birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşyp, uzak ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Bouygues Batiment International bilen işewür hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belledi
Berdimuhamedow Fransiýanyň Buig kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “BOUYGUES” FRANSUZ KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Serdar Berdimuhamedow “Bouygues” kompaniýasynyň Türkmenistandaky gurluşyklaryna ýokary baha berdi