Berdimuhamedow Kuweýti TOPH we “Awaza” gurluşyklatryna goşulmaga çagyrdy

13-nji martda Türkmenistanyň prezidentiniň Kuweýte resmi sapary başlandy. Şol gün El-Kuweýtde Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Kuweýtiň emiri şeýh Sabah al-Ahmed al-Jaber as-Sabahyň duşuşygy boldy.

Iki ýurduň baştutanlary hyzmatdaşlygyň baş ugurlary hökmünde ýangyç-energetika pudagyna we gaýtardan işlemk senagatyna üns berdiler.

“Kuweýtiň nebit-gaz kompaniýalary we inwestisiýa hem-de maliýe gurluşlary bilen TOPH gurluşygynyň çäklerinde özara hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiliklerine garaldy. Hyzmatdaşlyk üçin gelejegi bolan pudaklaryň arasynda nebit-himiýa we nebiti gaýtadan işleýän kärhanalar hem bolup biler” diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berýär.

Beýleki potensial ugurlaryň arasynda Kuweýtiň maliýe-senagat töwereklerini “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagyndaky desgalaryň gurluşyklaryna çekmek hem bar diýip, neşir habar berýär.

Premýer-ministr Jaber Al-Mubarak Al-Hamad Al-Sabah bilen duşuşyk mahalynda Berdimuhamedow Kuweýti türkmn ýangyç-energetika toplumyny (ÝET) döwrebaplaşdyrmaga gatnaşmaga çagyrdy.

TDH-nyň habar bermegine görä, “Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän milli ÝET-i döwrebaplaşdyrmak strategiýasy iş aragatnaşyklaryny ýola goýmak üçin perspektiwalary döredýär”.

Premýer-ministr hem öz gezeginde “türkmen lideriniň başlangyçlaryny doly goldaýandygyny aýdyp, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň, Türkmenistandan Owganystana demir ýoluň gurluşygynyň taslamalarynyň sebitiň ýurtlary üçin ägirt uly ähmiýetini nygtady we Kuweýtiň iş töwerekleriniň durmuşa geçirilýän proýektlere gatnaşmmaga taýýardygyny aýtdy”.

Şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow premýer-ministriň orunbasary, daşary işler ministri, Arap Ykdysady ösüşi boýunça Kuweýt Gaznasynyň dolandyryjylar Geňeşiniň başlygy Şeýh Sabah Haled Al-Hamad Al-Sabah bilen duşuşyk geçirdi.

Söhbetdeşlik wagtynda Türkmenistan bilen Kuweýtiň arasynda inwestisiýa, söwda-ykdysady, energetika, transport-aragatnaşyk pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri gozgaldy.

Iki ýurduň hem ummasyz kän möçberdäki uglewodorod ätiýaçlyklaryna eýe bolmagy özara hyzmatdaşylga gyzyklanmagyň

Iki ýurduň hem dünýäde ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýedigi we munuň energiýa serişdelerini işläp taýýarlamak we halkara bazarlaryna ibermek bilen baglylykda taraplaryň özara gatnaşyklara gyzyklanmasynyň möhüm şerti bolup durýandygy bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýtiň Emiriniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi
Türkmenistan Kuweýtiň Emiriniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi
13.03.2018 | El-Kuweýtde ýokary derejedäki türkmen-kuweýt gepleşikleri başlandy
13.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine resmi sapary
29.06.2018 | MILLI LIDERIMIZIŇ BELENT MAKSADY
14.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýte resmi sapary tamamlandy