Berdimuhamedow täze doglan taýçanaga Zaman diýip at dakdy

Berdimuhamedow täze doglan taýçanaga Zaman diýip at dakdy

18-nji ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde alnyp barylýan gurluşyklar bilen tanyşmak maksadynda, ilki bilen, Halkara ahalteke atçylyk-sport toplumyna baryp, täze ýylyň ilkinji günlerinde doglan täze taýy gördi.

Bu ýerde türkmen Liderini atşynas Orazmyrat Annalyýew garşylady.Söhbetdeşlikde döwlet Baştutany onuň hal-ýagdaýy, alyp barýan işleri hem-de atlaryň nesil ugurlary bilen gyzyklandy.Atşynas täze taýçanaga at dakyp bermegi haýyş edeninde, türkmen Lideri 2022-nji ýylyň Halkyň Arkadagly zamanasy şygary bilen geçýändigini göz öňünde tutup, taýa Zaman diýip at goýdy we käbesi Oglabat ejäniň alajasyny dakdy.

Döwlet Baştutany täze ýylyň ilkinji günlerinde täze taýyň dünýä inmeginiň buşluk getirendigini aýdyp, milli seýisçilik sungatyny ösdürmäge, atlaryň tohum arassalygyny saklamaga mundan beýläk-de üns beriljekdigini nygtady. Ýeri gelende bellesek, Zaman atly täze doglan taýçanak Gözbaş we Keýkilhan atly atlaryň neslinden bolup, meşhur Pereňiň ugruna degişlidir.

Ýene degişli makalalar

Seýis Orazmyrat Annalyýew Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşykdan galan täsirlerini paýlaşdy
Berdimuhamedow täze doglan taýçanaga Zaman diýip at goýdy
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW “EKSPO — 2025” SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRELERE GATNAŞDY
Döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynda iri binalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynda iri binalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Ýerli synçy: Demokratiýa maşgalada başlaýar