Berdimuhamedow täze doglan taýçanaga Zaman diýip at goýdy

Berdimuhamedow täze doglan taýçanaga Zaman diýip at goýdy

Şu gün 18-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyrdy.Türkmen Lideri welaýata saparynyň çäklerinde atşynas bilen duşuşyp, alyp barýan işleri barada söhbetdeş boldy.

Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Prezidentiniň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň seýsi, Türkmenistanyň ussat halypa seýisi Orazmyrat Annalyýew türkmen Liderinden 2022-nji ýylyň ilkinji günlerinde atçylyk toplumynda täze doglan taýçanaga mynasyp at goýup bermegi haýyş etdi.

Hormatly Prezident seýsiň teklibini uly kanagatlanma bilen kabul edip, 2022-nji ýylyň Halkyň Arkadagly zamanasy diýlip yglan edilendigini belläp, täze taýçanaga-da Zaman diýlip at goýulsa ýerlikli boljakdygyny aýtdy. Türkmen Lideri asylly däbine eýerip, Zaman atly taýçanaga käbesi Ogulabat ejäniň ören alajasyny daňdy.

Täze taýçanak Gözbaş we Keýkilhanyň neslinden bolup, meşhur Pereňiň ugruna degişlidir.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow täze doglan taýçanaga Zaman diýip at dakdy
Seýis Orazmyrat Annalyýew Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşykdan galan täsirlerini paýlaşdy
Asyryň süýji miwesi
Halaçda tegelek haly dokalýar
Aşgabatdaky kärhanada ýanwar aýynda 120 inedördül metr haly dokaldy
Küştdepdi — halklary birleşdirýän tans