Berdimuhamedow Türkmenistanda koronawirusyň bardygyny ýalana çykarmagyny dowam edýär,emma, ýurtda epidemologiýa howpsuzlygyna jogapkär ministrleri wezipesinden boşatdy

Berdimuhamedow Türkmenistanda koronawirusyň bardygyny ýalana çykarmagyny dowam edýär,emma, ýurtda epidemologiýa howpsuzlygyna jogapkär ministrleri wezipesinden boşatdy

25-nji awgustda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi we çinownikler bilen Türkmenistanda keselleriň ýaýramagyna garşy göreş boýunça Adatdan daşary toparyň işlerini maslahatlaşdy diýip, TDH döwlet täzelikler gullugy maglumat berdi.

Telewideniýede berilen reportažda görnüşi ýaly, maslahata gatnaşanlaryň prezidentden beýlekileri ýüz maskaly.

Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä,häzir bütin dünýäni gurşap alan koronawirusyň Türkmenistana girmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak üçin duýduryş çärelerini güýçlendirmek zerur: bu ýokanja garşy göreş üçin ministrliklerde, edaralarda, hususyýetçiligin görnüşlerine garamazdan, kärhanalarda zerur çäreleri gurnamak, arassaçylygyň we epidemologiýanyň düzgünlerini berk berjaý etmek zerur.

Ol sözüniň dowamynda ýokanjyň entek Türkmenistana ýaýramandygyny tekrarlady.

Şol bir wagtyň özünde, Berdimimuhamedow maşgala lukmanlary KHS arkaly profilaktiki çärelerini berjaý etmegiň möhümdigini raýatlara düşündirmeli, “ýurdyň ähli künjeginde ”zyýansyzlandirma işlerini durmuşa geçirmeli we köpçülikýein çäreleri çäklendirmek barasynda teklibi taýýarlamaly diýdi.

Şeýlede prezident käbir miniisriň işden boşadylandygyny yglan etdi.

Işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin premýer-ministriň ylym we bilim boýunça orunbasary Muhammetmurat Geldiniýazow wezipesinden boşadyldy. Onuň ýerine Sapardurdy Toýlyýew bellendi.

Şonuň ýalyda, bilim ministri Orazgeldi Gurbanow wezipesinden boşadyldy. Onuň ýerine Gurbangül Ataýewa goýuldy.

Saglyk we saglyk senagaty ministriniň orunbasary, döwlet sanitariýa-epidemologiýa gullugynyň başlygy Arslangylyç Gylyjow hem işden boşadyldy. Onuň wezipesine Myrat Mämmedow bellendi.

Işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy kiçi polkownik Bekmyrat Öwezow hem wezipesinden boşadyldy. Onuň ornuna Nazar Atagaraýew bellendi.

The post Berdimuhamedow Türkmenistanda koronawirusyň bardygyny ýalana çykarmagyny dowam edýär,emma, ýurtda epidemologiýa howpsuzlygyna jogapkär ministrleri wezipesinden boşatdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidenti täze ýolbaşçylary wezipä belledi
Türkmen wekiliýeti Brýusselde öz işine başlan maýa goýum forumyna gatnaşýar
“Bereketli toprak” gazetiniň baş redaktorlygyna Azat Jepbarow bellenildi
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyna täze başlyk saýlandy
24.09.2017 | Oýunlarda Türkmenistanyň gazanan medallarynyň sany 200-den aşdy