Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyna täze başlyk saýlandy

16-njy dekabrda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň (TSTP) 2-nji gurultaýynyň barşynda Saparmyrat Esenowiç Owganow partiýanyň täze ýolbaşçysy edilip saýlandy. Bu barada TDH döwlet habar gullugy habar berýär.

Owganow “Halys” jemgyýetçilik hojalygynyň baş direktory bolup durýar. Ol Öwezmämmet Mämmedowyň ýerine ýolbaşçy saýlandy.

Senagatçylar we telekeçiler partiýasy 2012-nji ýylda, prezidentiň demokratlaşdyrma we köp partiýalylyk ugrunyň çäginde döredildi diýip, TDH ýazýar.

TSTP-nyň kandidaty Bekmyrat Atalyýew 2017-nji ýylda geçirilen prezident saýlawlarynda saýlawçylaryň 11390 (0,36%) sesini aldy.

Ýatladýarys, 4-nji dekabrda 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilýän parlament saýlawlary üçin partiýanyň saýlaw kampaniýalary başlandy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti täze ýolbaşçylary wezipä belledi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmen futboly ― 2023: möwsümiň iň gowulary yglan edildi
06.03.2018 | Azat Jepbarow “Bereketli toprak” gazetiniň baş redaktory wezipesine bellenildi
“Bereketli toprak” gazetiniň baş redaktorlygyna Azat Jepbarow bellenildi
24.09.2017 | Oýunlarda Türkmenistanyň gazanan medallarynyň sany 200-den aşdy