Türkmenistanyň Prezidenti täze ýolbaşçylary wezipä belledi

Türkmenistanyň Prezidenti täze ýolbaşçylary wezipä belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda käbir ýolbaşçylary wezipeden boşatmak we wezipä bellemek hakyndaky birnäçe resminamalara gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Şeýlelikde, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport boýunça wise-premýer Mämmetmyrat Geldinyýazow işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Sapardurdy Toýlyýew bellenildi. Ol şol bir wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy wezipesini hem ýerine ýetirer.

Şeýle-de işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Orazgeldi Gurbanow bilim ministri wezipesinden boşadyldy. Bilim ministri wezipesine Gurbangül Ataýewa bellenildi. Ol mundan öň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesini ýerine ýetirýärdi.

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Arslangylyç Gylyjow işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Myrat Mämmedow bellenilip, ol Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň baş müdiri wezipesinden boşadyldy.

Annamyrat Rejebow Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň baş müdiri wezipesine bellenildi.

Mundan başga-da, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Bekmyrat Öwezowy eýeleýän wezipesinden boşadyp, bu wezipä Nazar Atagaraýewi belledi.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň alyp barýan işleriniň netijelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Berdimuhamedow Türkmenistanda koronawirusyň bardygyny ýalana çykarmagyny dowam edýär,emma, ýurtda epidemologiýa howpsuzlygyna jogapkär ministrleri wezipesinden boşatdy
Türkmen wekiliýeti Brýusselde öz işine başlan maýa goýum forumyna gatnaşýar
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyna täze başlyk saýlandy
24.09.2017 | Oýunlarda Türkmenistanyň gazanan medallarynyň sany 200-den aşdy