29-njy awgustda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Ýazdurdy Söýegowyň hasabatyny diňläp, serhetden geçýän ýükleriň has berk barlanmagyny tabşyrdy diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berýär.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Meýlis Nobatowa bolsa, Aziadanyň myhmanlarynyň degişli dokumentleriniň resmileşdirilmeginde mynasyp derejede hyzmat edilmegini tabşyryldy.
Ýatladýarys, Gurbanguly Berdimuhamedow 15-nji awgustda “soňky döwürde ýurda gelýän daşary ýurt raýatlarynyň barha köpelýändigini” belledi we “migrasiýa hyzmatlarynyň mynasyp derejede guralmagyny” tabşyrdy.
