Berdimuhamedowlar Aşgabada gelen Tokaýewe at we it sowgat etdiler

Berdimuhamedowlar Aşgabada gelen Tokaýewe at we it sowgat etdiler

24-nji oktiýabrda iki günlik döwlet sapary bilen Gazagystanyň prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew Aşgabada bardy.

Bu barada Tokaýewiň metbugat wekili Berik Ogly özüniň Facebook sahypasynda habar berdi.

Howa menzilinde Gazak liderini wise-premýer Serdar Berdimuhamedow garşyaldy.

Tokaýew we kiçi Berdimuhamedow howa menzilinden gepleşikler üçin “Oguzhan” myhmanHanasyna ugradylar.

Duşuşykda haýsy meseleleriň maslahat edilendigi barada ne türkmen, ne-de gazak metbugat gulluklary habar bermediler.

Mundan soňra Tokaýew Ahalteke atçylyk toplumyna tarap ýola düşdi we ol ýerde ony prezident Berdimuhamedow kabul etdi.

Olar bu ýerde Türkmenistanyň prezidentiniň atlary bilen tanyşdylar we ol ýerde atçylaryň şüweleňi görkezildi.

“Atçylar bilen birlikde atlaryň “küşt depdi” tansyny ýerine ýetirmegi programmanyň iň möhüm pursaty boldy”diýip TDH döwlet täzelikler gullugy ýazdy.

Dabaranyň ahyrynda Berdimuhamedow kärdeşi Tokaýewe “Ganatly” atly ahalteke atyny, Ahalteke atçylyk we “Türkmen alabaýlary” halkara birleşikleriniň başlygy,Serdar Berdimuhamedow prezident Tokaýewe “Böwser” atly türkmen, aw tazysyny sowgat etdiler.The post Berdimuhamedowlar Aşgabada gelen Tokaýewe at we it sowgat etdiler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary başlandy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň “Bitewi suw” sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Er-Riýadda Bitewi suw sammitine gatnaşdy
Asylly işler rowaçlyklara beslenýär
Gazagystanyň Prezidenti Donald Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti gazak kärdeşine Gazagystanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag iberdi