26-njy fewralda prezident Putin bilen prezident Berdimuhamedowyň arasynda telefon gepleşigi boldy diýip Kremliň metbugat gullugy habar berýär.
“Russiýa-Turkmenistan strategik partniýorlygy üstünlikli ösýär. Şunuň bilen baglanşykly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine garalyp, özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary, koronawirus ýokançlaryna garşy bilelikde göreşi mundan beýläkde pugtalandyrmaga üns berildi” diýlip habarda aýdylýar.
Şeýlede prezidentler şu ýyla planlaşdyrylýan altynjy Hazar sammiti we ikinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyklar barada gürrüň etdiler.
Putin golaýda prezident Berdimedowyň kakasynyň aradan çykmagyna çuňňur gynanjyny bildiripdir.
Mälikguly Berdimuhamedow 18-nji aprelde aradan çykdy we şondan bäri preizdent Berdimimuhamedow köpçülige çykmaýar.
Häzir ähli köpçülikleýin çäreleriň esasy gatnaşyjysy prezidentiň ogly we wise-premýer Serdar Berdimuhamedow.
Soňky sapar iki lider türkmen tarapynyň inisiatiwasy boýunça 2020-nji ýylyň fewralynda telefon arkaly gepleşipdi.
Şonda olar syýasy, söwda-sermaýa we medeni-ynsanperwerlik ugurlarda özara hyzmatdaşlyk barasynda maslahat edipdi.The post Berdimuhammedow we Putin Hazar forumyna taýýarlyk barada telefonda maslahat etdiler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.
