Türkmenistan Özbegistandan oba hojalyk tehnikalaryny we himiki serişdeleri satyn alar

Türkmenistan Özbegistandan oba hojalyk tehnikalaryny we himiki serişdeleri satyn alar

2021-nji ýyyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew Prezident Gurbanguly Berdimuhammedowa Özbegistan Respublikasyndan ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy we himiýa senagaty üçin harytlary satyn almak üçin taýýarlanan teklipler barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, degişli resminamalara gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, 2022-2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine oba hojalyk gurallaryny hem-de traktor tirkeglerini satyn almak barada Özbegistan Respublikasynyň Uzsanoateksport paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga;

2022 — 2026-njy ýyllar aralygynda bugdaýyň haşal otlaryna we kesellerini hem-de gowaçanyň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdelerini satyn almak barada Özbegistan Respublikasynyň Ifoda Agro Kimyo Himiyo jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti bilelikdäki kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhammedow we Putin Hazar forumyna taýýarlyk barada telefonda maslahat etdiler
Täjigistanyň Prezidenti Türkmenbaşy deňiz portuna baryp gördi
Täjigistanyň Prezidenti Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördi
Nazarbaýew Muşistine Özbegistany, Täjigistany we Türkmenistany ÝAYB çagyrmagy teklip etdi
Täze energiýa ministri bellendi, “Garabogazköl” aýlagynda sulfat öndüriler
Okyjylaryň ünsüni güýç edaralarynyň gazýetlerine çekmek üçin olary “elektron görnüşe” geçirerler