“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy : Ýaşlar. Döwür. Jemgyýet”

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy : Ýaşlar. Döwür. Jemgyýet”

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy, Aşgabat şäher Köpetdag etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda “Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy: Ýaşlar.

Döwür.Jemgyýet” ady bilen wagyz nesihat çäresi geçirildi.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işleriniň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan özüniň bedew batly gadamlaryny ynamly dowam edýär.

Eziz Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, sowatly bolmaklary ugrunda uly aladalar edilýär. Çärede Türkmenistan döwletimiziň gazanan üstünlikleriniň ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşy bilen berk baglydygy, hut şonuň üçin hem ata babalarymyzyň nesilleriň sazlaşykly ösüşi baradaky köpasyrlyk tejribelerine, mizemez ýörelgelerine ajaýyp zamanamyzda aýratyn ähmiýet berilýändigi, ýaş nesilleri Watançylyk ruhunda terbiýelemekde we olaryň oňat bilim almagy, öz hünärini saýlap bilmekleri hem-de zehinlerinden, ukyplaryndan netijeli peýdalanmaklary üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren ajaýyp eserlerinde ýaşlar barada aýdan parasatly sözlerini, eden sargytlaryny aýdyp berdiler. Çäräniň ahyrynda bizi eşretli zamanada, bagtyýar durmuşda bagtly ýaşadýan, ata Watanymyzyň egsilmez kuwwatyna, mizemez güýjüne, beýik geljegine deňelýän mynasyp ýaşlary, nesilleri ýetişdirmekde uly işleri alyp barýan, biz ýaşlara uly ynam bildirýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Hüjüm eýlär barça ary, gabat gelse bal biläni
Serdar Berdimuhamedow Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Serdar Berdimuhamedow TMÝG-niň VII gurultaýyna gatnaşyjylary gutlady
Mewlüt Çawuşogly Kambojada saparda bolýar
Türk Daşary işler ministri Kamboja gitdi
Ýaşlar syýasaty boýunça milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň meseleleri üns merkezinde