Serdar Berdimuhamedow TMÝG-niň VII gurultaýyna gatnaşyjylary gutlady

Serdar Berdimuhamedow TMÝG-niň VII gurultaýyna gatnaşyjylary gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VII gurultaýyna gatnaşyjylara we ýurduň ähli ýaşlaryna gutlag iberdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, öz işinde ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin has oňaýly şertleri döretmek maksatlaryndan ugur alýar. Ýaşlar guramasynyň alyp barýan bu işleri jemgyýetde bitewüligi, jebisligi, agzybirligi berkitmäge, beýik özgertmeleri, milli maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmaga ýardam berýär.

Döwlet Baştutany: Ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn pikirlenmäge ukyply nesil döwletiň hem, milletiň hem geljegi hasaplanýar diýip nygtaýar.

— Döwür eziz Diýarymyzyň syýasy, ykdysady, medeni we jemgyýetçilik durmuşyny has-da kämilleşdirmegi, düýpli özgertmegi, her bir işe täzeçe çemeleşmegi talap edýär. Şu nukdaýnazardan, Ýaşlar guramasynyň gujur-gaýratly agzalarynyň, ýurdumyzyň watansöýüji, ylymly, bilimli, dörediji we gurujy ähli ýaşlarynyň jemgyýetimizde durnuklylygy hem-de bitewüligi pugtalandyrmaga işjeň gatnaşjakdyklaryna, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, bütin dünýädäki abraý-mertebesiniň belende göterilmeginiň hatyrasyna ak ýürekden yhlasly zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn — diýmek bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär.

Ýene degişli makalalar

Hüjüm eýlär barça ary, gabat gelse bal biläni
Serdar Berdimuhamedow Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Mewlüt Çawuşogly Kambojada saparda bolýar
Türk Daşary işler ministri Kamboja gitdi
“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy : Ýaşlar. Döwür. Jemgyýet”
Ýaşlar syýasaty boýunça milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň meseleleri üns merkezinde