Beýik Britaniýa 2040-njy ýyla çenli kwant hasaplamalarynda lider bolmagy maksat edinýär

Beýik Britaniýa 2040-njy ýyla çenli kwant hasaplamalarynda lider bolmagy maksat edinýär

Beýik Britaniýa umumy maksatly kwant kompýuterini döretmegi we 2040-njy ýyla çenli kwant hasaplamalarynda dünýä lideri bolmagy maksat edinýär. Bu barada britan hökümetiniň ýolbaşçysy Boris Jonson aýtdy diýip, TASS habar berýär.

Ministrler Kabinetiniň başlygynyň aýtmagyna görä, patyşalyk daşary ýurt tehnologik çözgütlerine garaşly bolmaly däl, “bu ahyrky netijede milli howpsuzlyga zyýan ýetirip biler”. Şol bir wagtyň özünde, Beýik Britaniýa ýokary tehnologiýaly önümlerini eksport edip, öz gymmatlyklaryny ýaýratmagy göz öňünde tutýar. Olaryň biri hökmünde Jonson Oksford uniwersiteti tarapyndan koronawirusa garşy taýýarlanan sanjymy belläp geçdi.

Sözüniň dowamynda premýer-ministr 13-nji noýabrda Şotlandiýada tamamlanan BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň 26-njy konferensiýasynyň (COP26) netijelerini üstünlik diýip belledi. Onuň aýtmagyna görä, global ýylamany saklamaga kömek etjek öňegidişlikleriň ýoklugyna garamazdan, Glazgoda kabul edilen kararlar bu prosesi haýallatmaga kömek eder.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Howanyň üýtgemegi boýunça 2021-nji ýylda geçirilen BMG-niň COP-26- maslahatynyň esasy netijelerine hem-de gazananlaryna bagyşlanan maslahat geçirildi
HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA 2021-NJI ÝYLDA GEÇIRILEN BMG-NIŇ COP-26- MASLAHATYNYŇ ESASY NETIJELERINE HEM-DE GAZANANLARYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
Aşgabatda BMG-niň COP-26 maslahatynyň netijelerine bagyşlanan onlaýn maslahat geçirildi
52-nji gezek finala çykdy
“Aýntraht” 42, “Reýnjers” 14 ýyldan soň finalda
Aşgabatda daşky gurşawy goramak boýunça halkara konferensiýa geçirilýär