Beýik Britaniýa Türkmenistandaky ilçisini täzeleýär

Beýik Britaniýa Türkmenistandaky ilçisini täzeleýär

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ozalky ilçisi Lýusiýa Uaýldyň döwlet gullugynda başga wezipä geçýändigi sebäpli, onuň ornuna Stiwen Konlon bellendi. Konlon 2023-nji ýylyň maý aýynda wezipesine girişer diýip, Beýik Britaniýanyň Hökümeti sişenbe güni habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Stiwen Konlon bu wezipä bellenmezden ozal, Brýusselde Beýik Britaniýanyň Ýewropa Bileleşigindäki, Brýusseldäki wekilhanasynda işledi, Ýewropa Parlamentiniň topar ýolbaşçysy, Azyk howpsuzlygy we weterinariýa boýunça attaşe, Onuň Alyhezretleriniň Wilnýusdaky konsuly wezipelerinde iş alyp bardy. Şeýle hem ol Stokgolm we Helsinki şäherlerinde dürli wezipeleri ýerine ýetirdi.

Habarda Konlonyň ýeke-täk bazar, azyk harytlary, energetika, saglyk we weterinariýa meselelerinde Beýik Britaniýa wekilçilik edendigi, MBA-nyň diplomyna eýedigi we rus dilini bilýändigi bellenilýär.

Lýusiýa Uaýld 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenilipdi.

Ýene degişli makalalar

ÝB wekilleri Azatlyk Radiosynyň daşyndaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşýarlar
Türkiýede türkmen aktiwistlerine deportasiýa howpy abanýar, olar açlyk yglan etdi
“Meni sem edip bilmezler”: Türkmen žurnalisti Ýewropa goýberilmezliginden soň
Köpçülikleýin göwnüçökgünligiň we ukusyzlygyň sebäbi ýüze anyklandy
Türkiýäniň Finlýandiýadaky Ilçihanasyna Hüjüm Guraldy
Türkmen türmesinde ölen žurnalistiň  işi BMG-niň gözegçiliginde saklanýar
Onlarça türkmen raýaty, şol sanda hökümeti tankytlan Durdylyýew Türkiýeden deportasiýa edildi