Bilim ösüşleriň şamçyragy

Garaşsyz ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda ylym-bilim hem ösdürilýär, täze mümkinçilikler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar, bilim özgertmeleri barha rowaçlanýar, ýaşlaryň döwrebap bilimleri özleşdirmeklerine giň mümkinçilik döredilýär. Şeýle beýik işleriň netijesinde halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekjek ýokary bilimli ussat hünärmenler ýetişdirilýär. Şu täze okuw ýylynyň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagy taryhy waka boldy.

Munuň özi diňe bir ýaşlar üçin däl, eýsem, biziň her birimiz üçin ýol-ýörelgedir. Çünki ýurdumyzyň Garaşsyzlygy, Watanymyzyň ösüşleri hakynda parasatly sözleriň beýan edilmegi çuňňur many-mazmuna eýe bolýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamy döwrüň talabyna laýyklykda ösýär, özgerýär. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde ylymly-bilimli, Watana, halka wepaly, giň gözýetimli ýaşlary terbiýelemek, häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda has ýokary netijeleri gazanmak, bäsleşige ukyply şahsyýeti kemala getirmek wezipeleri esasy ugur bolup durýar. Şonuň üçin hem bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn we okuw-ylmy binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, şeýle-de bilim işgärleriniň zähmet, durmuş taýdan goldanylmagyna aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk ösdürmek, giň gözýetimli, döwrüň ösen tehnologiýalaryna höwesli, innowasiýalara esaslanýan zehinli ýaşlary kemala getirmek hem-de ýokary medeniýetli, arassa ahlakly nesli terbiýelemek üçin giň mümkinçilikler döredildi.

Bu bolsa röwşen geljegimiz bolan bagtyýar ýaşlaryň bilimiň döwrebap ugurlaryny özleşdirmeklerine giň mümkinçiliklerdir.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan bilim özgertmeleriniň netijesinde, ýokary okuw mekdepleriniň ençemesi döredildi, ozal bar bolanlarynyň täze binalary guruldy, talyp orunlary artdyryldy.

Ýurdumyz taryhy wakalara beslenýär, belent maksatlar rowaçlanýar.Muňa sentýabr aýynda täze bilim edaralarynyň açylyp ulanmaga berilmegini mysal getirmek bolar. Ýokary okuw mekdepleriniň birbada üçüsiniň Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň çäginde goşmaça okuw binasynyň hem-de beýleki desgalaryň düýbüniň tutulmagy, Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi buýsançly wakalardyr.

Diýarymyzda şanly wakalar türkmen halkynyň täze eýýamynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy we tutuş ýurdumyzda baýramçylyk joşgunyny emele getirdi.

Ýaş nesli milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetimiziň we döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin binýatlaýyn esas hökmünde garalýan milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzyň bilim ulgamyny depginli ösdürmekde uly tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Dildara GENJIÝEWA,

Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň himiýa mugallymy.

Ýene degişli makalalar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
НАЦИОНАЛЬНЫЙ ЛИДЕР ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА ПРОВЁЛ ОБЩИЙ УРОК ПО ИСТОРИИ СТРАНЫ, О ДОЛГЕ И ОБЯЗАННОСТЯХ МОЛОДОГО ПОКОЛЕНИЯ
Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär