Bir günde 50 müň satyş

“Huawei” kompaniýasynyň “Honor 20” smartfonyndan satuwa çykarylan güni 50 müň sanysy satyldy.Golaýda tanyşdyrylan we kamerasynyň ýokary durulygy bilen tapawutlanýan “Honor 20”, “Honor 20 Pro” we “Honor 20 Lite” modellerinden diňe bir görnüşi Hytaýda satuwa hödürlendi.

Beýleki modeller şu aýyň 18-ine satuwa çykarylar. “Honor 20”-niň 8 GB RAM-ly we 128 GB içki ýatly görnüşi 423, 8 GB RAM-ly we 256 GB içki ýatly görnüşi 506 dollardan satuwa çykaryldy.

Bu telefonyň golaýda beýleki ýurtlarda hem satuwa çykaryljakdygy habar berildi.Smartfonyň “Full HD+” durulygynda 6,26 dýuýmlyk çarçuwasyz ekrany bolup, öňki kamerasy ekranyň içine ýerleşdirilipdir.Onuň açylyp-ýapylýan düwmesinde barmagyň yzyny okaýjy sensor bar.

Telefonyň öňki kamerasy 32 megapiksel, yzky kamerasy 48 megapiksel durulygynda. Şeýle hem 16 megapiksellik f/2.2 diafragmaly aşa giň, 2 megapiksellik çuňlugy duýujy sensor we 2 megapiksel f/2.4 diafragmaly makro linzasy bar. “Android 9 Pie” amaly ulgamynda işleýän enjamyň agramy 174 gram.

Ýene degişli makalalar

Smartfon satuwy azaldy
Monopoly GO mobil oýny her günde 5 million dollar gazanýar
Konor Makgregor täze söweş stilini görkezdi
Floýd Meýwezer Konor Makgregor bilen boljak rewanşy anons etdi
Wulwerhempton kapitanyny Ewertona berdi
Türkmenistanda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni belleniler, Nurana Hezretowa Aziýanyň çagalary oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy, Tele2 Russiýadan Türkmenistana jaňlaryň nyrhyny arzanlatdy